Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy işinden boş


Anna güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Goçguly Saparlyýewi «tabşyrylan wezipeleri ýerine ýetirmändigi» üçin diýen esasda wezipesinden boşatdy.

Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji edilip bolsa, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow bellenildi.

Mundan daşary, prezident Berdimuhamedow şu ýylyň 2-4-nji noýabr günleri Awstriýanyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň tekstil we haly önümleriniň sergisini gurnamak baradaky karara-da gol çekdi.
XS
SM
MD
LG