Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýadaky otly heläkçiliginde 30-dan gowrak adam öldi


Şenbe güni Indoneziýanyň Ýawa adasynda ýolagçy otlularynyň çaknyşmagy netijesinde azyndan 30-dan gowrak adam ölüp, onlarça adam ýaralandy.

Indoneziýanyň häkimiýetleri bu wakada Ýawa adasynyň Pemalang raýonynda bir ýolagçy otlusynyň demir ýolda duran başga bir ýolagçy otlusyny baryp kakandygyny mälim etdiler.

Ýurduň «Antara» habar agentligi demirýol edarasynyň bir resmisiniň sözlerine salgylanmak bilen, edil häzirki wagt 33 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdi.

Ýöne maglumatda heniz bu çaknyşan otlularyň içinden ähli ýolagçylaryň çykarylmandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG