Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ýaragly söweşijilerdir öýdülýän 12 töweregi adam öldi


Şenbe güni amerikan güýçleriniň serhediň üstaşyry Pakistanyň territoriýasyna atan raketa oklaryndan ýaragly söweşijilerdir diýlip güman edilýän 12 töweregi adam öldi.

Pakistanyň howpsuzlyk gullugynyň resmileri Owganystanyň serhet ýakasyndan atylan iki sany raketa okunyň Pakistanyň Demirgazyk Weziristan raýonyndaky Datta Khel obasynda iki sany jaýy weýran edendigini habar berdiler.

Bu gürrüňi edilýän oba Talyban we Al-Kaýda söweşijileriniň esasy mesgen tutan ýerlerinden biri hasaplanylýar.

Üç gün mundan ozal Owganystandaky NATO güýçleriniň geçiren şuňa meňzeş hüjüminde Pakistanyň üç sany harbysynyň öldürilmeginiň yzy bilen, Pakistanyň häkimiýetleri bu ýurduň üsti bilen NATO güýçlerine ýük daşaýan ulaglaryň gatnawlaryny wagtlaýynça togtatdy.

Şu gün «Frans-Press» habar agentligi Pakistanyň şol Torkham serhet geçelgesiniň henizem transport gatnawlary üçin ýapyk bolmagynda galýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG