Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Türkmenistanyň medeni günleri açyldy


Şenbe güni Eýran Yslam respublikasynda Türkmenistanyň medeni günleri açyldy.

Eýranda ilkinji gezek geçirilýän şeýle uly gerimdäki medeni çärä gatnaşmak üçin şenbe güni Eýranyň Gülistan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Gürgen şäherine Türkmenistandan ýörite delegasiýa bardy. Bu delegasiýanyň düzümine türkmenistanly belli suratçylar, ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar we sazandalar, kino we teatr işgärleri, žurnalistler girýärler.

Eýranda Türkmenistanyň medeni günlerini geçirmeklik Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejatyň geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynda ylalaşylypdy.

Türkmen diasporasynyň esasy jemlenen ýeri bolan Eýranyň Gülistan welaýatynda geçiriljek bu medeni günleriň dowamynda Türkmenstanyň sungat işgärleri dürli medeni çäreleri gurnarlar, aýdym-saz programmalary we spektakllar bilen çykyş ederler.
XS
SM
MD
LG