Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janly muzeýiň açylyş dabarasy ýatyryldy


2-nji oktýabrda Aşgabadyň etegindäki Gökderede ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýiniň açylyş dabarasy ýatyryldy.

Bu muzeýiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti gatnaşmalydy. Çäräni gurnaýjylar muzeýiň açylyş dabarasyna jemi 40 müň adamy getirmegi meýilleşdiripipdiler. Emma iň soňky pursatda Gökderede ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýiniň açylyş dabarasy ýatyryldy. Onuň sebäbi resmiler tarapyndan mälim edilmedi.

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän zooparky paýtagtyň çetine göçürmek ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ideýasy bolupdy. 2005-nji ýylyň dekabrynda Aşgabadyň gaýrasynda Türkiýäniň «Bim inşaat» firmasy tarapyndan zooparkyň gurluşygyna başlanypdy. 40 gektar meýdanda gurluşygy başlanan bu proýektiň bahasy jemi 26 million amerikan dollary bolupdy.

Ýöne paýtagtyň gaýrasyndaky tebigy şertleriň ýaramazlygy hem-de ýeriň şorlugy zerarly zooparkyň gurluşygyny bu ýerden göçürmekligiň kararyna gelindi.

2007-nji ýylyň maýynda Türkiýäniň «Bim inşaat» firmasyna Köpetdagy etekläp oturan Gökderäniň çäginden Janly tebigatyň milli muzeýini gurmak üçin 40 gektar meýdan bölünip berildi.

Aşgabat şäher häkimligine degişli bolmaly bu muzeýiň buýrujysy Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligidir.

Täze muzeýde jandarlaryň 2700 sany görnüşi bolar. Haýwanlaryň esli bölegi ýewropa-aziýa zoopark sistemasyna degişlileriň görnüşindendir. Olaryň iýmitlendirilmegi üçin bolsa 150 gektar ýer bölünip berlendir. Ýyrtyjylar üçin iýmitler paýtagtda ýerleşýän degişli kärhanalardan hem-de daýhan birleşiklerinden alnar.

Täze zooparkyň açylmagy bilen Aşgabadyň merkezinde ýerleşen zooparkdaky haýwanlaryň ählisi hem bu ýere göçürilip getiriler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG