Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Azerbaýjan adam hukuklaryny gowulandyrmaly


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) azeri prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşýar, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr 2010-njy ýyl.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (sagda) azeri prezidenti Ylham Aliýew bilen duşuşýar, Nýu Ýork, 24-nji sentýabr 2010-njy ýyl.

BMG-däki duşuşykda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewe demokratiýa we adam hukuklary boýunça Bakuwyň öňe gidişlik gazanmagynyň zerurdygyny aýtdy, diýip amerikan diplomaty aýdýar. Bu barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy habar berýär.

Tussag edilen žurnalistler, şol sanda türmedäki blogçylar Adnan Hajizada we Emin Milli Obamany aýratyn alada goýýar diýip, ABŞ-nyň Azerbaýjandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Adam Sterling Azatlyk Radiosyna aýtdy. Sterling ol ikisiniň we žurnalist Eýnulla Fatullaýewiň tussaglykda saklanmagynyň “lapykeçlik döredýändigini” bildirdi.

“Eger bu meseläni prezident Obamanyň hut özi gozgasa, onda ol has täsirli bolýar. Şular ýaly meseleler iki ýurduň hökümetleriniň mümkin bolan iň ýokary derejedäki hyzmatdaşlykdan peýdalanyp bilmeklerine päsgelçilik döredýär. Bu mesele biziň beýleki etmekçi bolýan işlerimiziň öňünde böwet bolýar” diýip, Sterling nygtaýar.

Sterlingiň aýtmagyna görä, Obama Aliýew bilen 24-nji sentýabrdaky duşuşygynyň dowamynda raýat jemgyýetçiliginiň ähmiýetini hem nygtapdyr. “Elbetde, azeri tarapy muny juda gowy garşylan däldir. Emma bu ABŞ-nyň resmileri üçin diýseň möhüm bolan meseleleriň açyk we gönümel ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy” diýip, Sterling aýdýar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň arasyndaky duşuşyk barada Azerbaýjanyň hökümetiniň resmi Web sahypalalarynda agzalmady. Emma diplomat Sterling duşusykda gozgalan meseleleri azeri tarapynyň hormat bilen garşylandygyna özüniň ynanýandygyny bildirdi.

Şeýle hem Sterling Azerbaýjanda noýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň “möhüm öňegidişligiň” yşaraty boljakdygyna umyt bildirdi. “Biz erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmegine şert döretmek üçin Azerbaýjanyň häkimiýetleri bilen işleşmeklige ygrarly bolup galýarys” diýip, Adam Sterling Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Men gözümize ilýän problemalara çäre tapmak boýunça ABŞ-nyň kömegini hödürlemek üçin Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy, prezidentiň administrasiýasy we Daşary işler ministrligi bilen duşuşyk geçirdim. Biz saýlaw kampaniýalary döwründäki ýygnanyşmak azatlygynyň ähmiýetini nygtadyk” diýip, Sterling aýdýar.

ABŞ-nyň Azerbaýjandaky ilçisiniň wezipesi bir ýyldan gowrak wagt bäri boş dur. Ermeni-amerikan lobbi toparlary bu wezipä hödürlenen Metýu Braýzanyň Ermenistana garşy tarap tutjakdygyny öňe sürýärler. Braýzanyň bu wezipä bellenmegi Kaliforniýa ştatyndan demokrat senator Barbara Bokseriň garşylygy sebäpli soňa süýşürildi.
XS
SM
MD
LG