Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan we Günbatar: bähbitleriň ötesinde


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşýar, Baku, 4-nji iýul 2010-njy ýyl.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton bilen duşuşýar, Baku, 4-nji iýul 2010-njy ýyl.
Elnur Baimow

Hakyky dost kyn günde belli bolýar. Men bu söz bilen doly ylalaşýaryn. Häzir biz öz gazanan üstünligimizden lezzet alýarys we maksatlarymyza ýetmek üçin has hem dyrjaşýarys. Dostumyzyň bolsa biziň edýän işimizi alkyşlamagyna garaşýarys. Biziň muny başaryp-başarmazlygymyz üstünlik gazanmagymyza täsir edenok, emma işimizi ýeňilleşdirýär we has ýakymly duýgy berýär.

Üstünligiň beýikligi diňe bir munuň nähili ýol bilen gazanylandygyna bagly däl. Gazanylan netijäniň ajy we süýji günlerde ýoldaş bolanlar bilen paýlaşylmagy hem bu meselede möhüm rol oýnaýar.

Azerbaýjanyň Günbatar, esasan hem ABŞ bilen ýola goýan gatnaşyklary ençeme ýyllaryň dowamynda köpler tarapyndan strategik hyzmatdaşlyk hökmünde hasiýetlendirildi. Kabirleri muny gysga möhletli diýip hasaplasa, beýlekiler muňa dogruçyl däl diýen bahany berdiler. Emma muňa garamazdan, gatnaşyklar iň pes derejä ýeten döwründe hem Azerbaýjan özüniň Günbatar bilen hyzmatdaşlygyny ünsden düşürmedi. Aram-aram Azerbaýjan sarsgynlygy başdan geçirende ABŞ-dan haraý isledi. Azerbaýjanyň global agramyna seredeniňde geň görünýän hem bolsa, ABŞ hem bizden edil şeýle zada garaşdy.

Haçanda Azerbaýjan 1990-njy ýyllarda öz goňşusy bilen ýiti söweşe girmeli bolanda Günbatardan deňagramly çemeleşmä garaşdy. Munuň ýerine ol 907-nji madda, ýagny ABŞ-nyň islendik kömeginiň Azerbaýjanyň hökümetine dogrudan ýetirilmegini gadagan edýän düzgün bilen ýüzbe-ýüz boldy. Taryh özüni gaýtalaman biler, emma wakalar biri-biri bilen kapiýalaşýar. 10 ýyldan soň terrorizme garşy söweş boýunça Birleşen Ştatlara uly we kiçi dostlarynyň goldawy gerek boldy. Regiondaky ýurtlaryň köpüsi gümmi-sümmi edip durka, Yrakdaky ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa güýçlerine Azerbaýjan parahatçylyk missiýasyna eýerýän esgerlerini iberdi. Olar ABŞ-nyň Harby-deňiz batalliony bilen egin-egne berip gulluk etdiler. 11 rotasy we müňden gowrak esgerleri bilen Azerbaýjan özüniň ABŞ-a bolan wepalylygyny subut etdi.

Edil şol ýyl, 2002-nji ýylda, Azerbaýjanyň esgerleri GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Owganystandaky Halkara howpsuzlyk güýçlerine (ISAF) goşuldylar. Sekiz ýyldan soň, 2008-nji ýylda, haçanda ençeme ýaranlar Owganystandan umytsyz ýagdaýda öz esgerlerini yza çekip başlanda prezident Ylham Aliýew “Daşary ýurtda parahatçylyk missiýasyny alyp barýan Azerbaýjanyň harbylary boýunça” hasabaty azeri parlamentine hödürledi. Onda Owganystandaky esgerleriň sanynyň iki esse artdyrylmagy göz öňünde tutulýardy.

Aslynda Azerbaýjanyň hökümeti ýene bir goldawy bilen özüniň dostluga wepalydygyny görkezdi. Diňe 2009-njy ýylyň özünde 100,000-den gowrak NATO esgerleri Azerbaýjanyň howa giňişliginden geçdiler. Owganystandaky koalisiýa güýçlerine barýan ýükleriň takmynan 25 prosenti Azerbaýjanyň territoriýasyndan geçýär. NATO agzalary söweş barýan ýurda Azerbaýjanyň üstünden her aýda 1,500 konteýner iberýärler. Azerbaýjanyň harby kontingentiniň artmagy, açyk duran howa giňişligi we söweş meýdanyndaky doly hyzmatdaşlygy köp zatdan habar berýär.

Ermeni diasporasynyň basyşyna sezewar bolan ABŞ-nyň Kongresi Daglyk Garabag meselesine tarapgöý çemeleşdi. Deňagramsyz çemeleşmesine sebäp edip lobbi toparlarynyň roluny görkezdi. Azerbaýjan bolsa, yzy üzülmeýän basyşlara garamazdan, terrorizme garşy söweş boýunça beren wadasyna ygrarly bolup, terror howplaryna, şol sanda Eýrandan abanýan howplara garşy üstünlikli göreş alyp bardy. Betniýetli planlaryň ençemesiniň üsti açyldy, jenaýatkärler tussag edildi, targiki netijelere getirip biljek wakalaryň öňi alyndy.

Azeri territoriýasynda gepleşiklerini rugsatsyz efire berýän Eýranyň Sahar-2 telekanaly Azerbaýjany, ABŞ bilen dowamly gowy gatnaşyklary sebäpli, “Beýik Şeýtan bilen hyzmatdaşlyk etmekde” aýyplady we Eýranyň häkimiýetleri Bakuwa haýbat atdylar. 71 million eýranlynyň basyşynyň 1,5 million ermeni-amerikanyň basyşyndan has uly problemadygyna düşünmek kyn däl.

Günbatar kompaniýalaryny saýlady

Azerbaýjan köp zatlaryň arkasynda durýar, emma käbir sebäpler bilen bu ýagdaý dünýä ýurtlarynyň kän bir gözüne ilmeýär. Geň ýeri – Azerbaýjan uly mukdarda uglewodorod öndürýän az sanly Hazar ýurtlarynyň biri we Günbatara edýän ýangyç eksportynyň möçberi diýseň tapawutlanýar. 1994-nji ýyldan bäri gol çekişilen iň iri nebit-gaz şertnamalary, şol sanda Azer-Çyrag-Güneşli (AÇG) we Şah Deniz boýunça kontraktlar Orsýetiň, Hytaýyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynda derek Günbataryň kompaniýalaryna berildi.

Turbalara gezek gelende, Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ), Azerbaýjan-Gürjüstan-Rumyniýa ýangyç geçirijisi we “Nabukko” proýekti boýunça Bakuwyň oňyn tutumy Azerbaýjanyň Günbatar bilen energiýa hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmek isleýändigini görkezýär. Şeýle hyzmatdaşlyga Orsýetiň görnetin garşydygyna garamazdan, Azerbaýjan Ýewro-Atlantik proýektlerden yza çekilenok. Azerbaýjan özüniň geljekki nesilleri üçin nebit girdejilerini kepillendirmek maksady bilen Döwlet nebit fonduny döretdi. Onuň maliýe hereketlerine günbatarly ekspertler halkara derejede gözegçilik edýärler.

Azerbaýjan özüniň dünýädäki iň çalt ösýän söwda marşrutyna eýedigini we Ýewraziýanyň telekommunikasiýa merkezidigini subut etdi. Baku-Tbilisi-Kars-Stambul demir ýolunyň gurluşygyny Azerbaýjan ýeke özi diýen ýaly maliýeleşdirýär. Bu demir ýol iň gysga marşrut bilen Merkezi AziýanyÝewropa birikdirer. Bu ýurt Gündogar-Günbatar korridorynyň kämilleşdirilmegine goşant goşmak üçin ägirt uly ädimler etdi. Mesele bu proýektleriň çeşmeleriniň Azerbaýjanyň nebit girdejilerine baglydygy ýa-da däldigi bolman, berjek netijeleriniň çykdajy edeniňe degip-degmeýänliginde. Her kimiň bilmeli zady – Azerbaýjanyň gün-günden ýokarlanýan ykdysadyýetine we regional güýjine guwanmaga doly haky bar, bu ýerde utanar ýaly zat ýok.

ABŞ-nyň regiondaky syýasatynyň çylşyrymlylygyna we onuň ýaranlarynyň we basdaşlarynyň ýerleşişine seredeniňde, Azerbaýjan hyzmatdaşlyk etmek üçin iň gowy ýurt bolup duruberýär. Azerbaýjan az sanly dünýewi musulman ýurtlaryň biri, öz taryhynyň dowamynda dini çydamlylykda nusga görkezdi. Azerbaýjan halky bilen ermenileriň arasyndaky medeni gatnaşyklar 1990-njy ýyllaryň başynda çäkli bolan bolmagy mümkin, emma amerikan we azeri hökümetleri tarapyndan ýola goýlan bilim we medeni alyş-çalşyk boýunça ençeme programmalar netijesinde (FLEX, IREX, Muskie, Fulbright, Döwlet nebit kompaniýasynyň programmalary, Azerbaýjanyň Döwlet stipendiýalary we ABŞ-nyň Parahatçylyk Öýüniň programmalary) iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar diýseň ýokarlandy.

Haçanda ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton Bakuwa sapara gelende, resmi gepleşiklerden daşgary, ýaş azeri liderleri bilen ýörite duşuşyk geçirdi. Ol 10 adam bilen duşuşdy, olaryň bäşisi ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda, kollejlerinde okan ýaş uçurymlar. Ýyllar boýy edilen hyzmatdaşlyklaryň şu netijesinden başga hiç zat Azerbaýjanyň Günbatar boýunça tutumyny has gowy edip görkezip bilmezdi – Azerbaýjanyň gujurly ýaşlary.

Muňa garamazdan, Azerbaýjanyň hökümeti ABŞ bilen dostlugyny näderejede saklap bilýän hem bolsa, hyzmatdaşlygyň nämä bagly boljakdygy ahyrynda Birleşen Ştatlaryň özüne bagly. Tanymal biznes sözçüsi Art Turok şeýle diýipdir: “Bähbit bilen ygrarlylygyň arasynda tapawut bar. Eger-de seniň haýsydyr bir zady edesiň gelýän bolsa, şertler muňa mümkinçilik berende edersiň. Emma sen haýsydyr bir zada ygrarly bolsaň, onda hiç-hili bahanany kabul etmeýäň, diňe netijelere seredersiň”.

Ýaş azeri esgerleri ermeni güllelerinden ölýärkä Owganystana, Kosowa we Yraga esger ibermäge şertler Azerbaýjana mümkinçilik berenokdy. Günbatar bilen ýakyn energiýa hyzmatdaşlygyny ýola goýmagymyza garşy çykan Orsýetiň basyşlary biziň bähbidimize däldi. ABŞ-ny goldamak üçin Eýran bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz oňyn şertleri döretmedi. Hökümet resmileri we karar alyjylar bähbide seredýärler; ygrarlylyga adaty adamlar bil baglaýar.

Gepiň gysgasy, okeanyň aňyrsyndaky ýaranymyzdan garaşýan zadymyz - wagtal-wagtal berilýän wadalar däl-de, biziň kimdigimize we nämäniň tarapyny tutýandygymyza doly düşünmekleri we muňa hormat goýmaklary.

Elnur Baimow news.az hem-de armenia.az habar agentlikleriniň baş redaktory, Azerbaýjanyň iň uly sosial aragatnaşygy dispute.az saýtynyň esaslandyryjysy. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG