Sepleriň elýeterliligi

Ukrain prezidentiniň ygtyýarlyklary artdyryldy


Ukrainanyň Konstitusion sudunyň başlygy Anatoliý Holowin suduň kararyny okaýar. 1-nji oktýabr, 2010.

Ukrainanyň Konstitusion sudunyň başlygy Anatoliý Holowin suduň kararyny okaýar. 1-nji oktýabr, 2010.

Geçen hepdäniň anna güni Ukrainanyň Konstitusion sudy prezident Wiktor Ýanukowiç üçin uly ýeňiş diýlip hasaplanyljak karary çykardy.


Hususan-da, Konstitusion sud 2004-nji ýylda prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek barada parlamentiň kabul eden kararyny konstitusiýa garşy gelýän karar hökmünde häsiýetlendirdi.

Suduň başlygy Anatoliý Holowin Kiýewde geçen sud prosesinde bu baradaky karary şeýle yglan etdi: «Ukrainanyň Konstitusion sudy şeýle karar etdi: birinjiden, 2004-nji ýylyň 8-nji dekabrynda nomer 2222-IV belgi bilen Ukrainanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmek baradaky kanun Ukriananyň konstitusiýasyna laýyk gelmeýär. Oňa garamaklygyň we ony kabul etmekligin proseduralary konstitusion proseduralara ters gelýär».

Konstitusion suduň bu karary Ukrainanyň prezidentiniň premýer-ministri we Ministrler Kabinetiniň agzalaryny bellemek ygtyýarlyklaryny täzeden dikeldýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurduň ümzügini parlament dolandyryşyndan prezident dolandyryşyna tarap öwürýär.

Mundan öň kanun boýunça premýer-ministriň we ministrleriň wezipesine prezidentiň hödürlän kandidaturalary parlamentiň deputatlarynyň ýarsyndan köpüsiniň ses bermegi bilen tassyklanylmalydy. Ýöne indi parlamentiň bu baradaky ygtyýarlyklary hem ýatyryldy.

Wiktor Ýanukowiç hoşal

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç Konstitusion suduň çykaran bu soňky hökümini hoşallyk bilen garşy aldy. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol syýasy sistemada düýpli özgerişlikleriň bolmagynyň tarapdary däldigini aýtdy.

Hepdäniň anna güni Ukrainanyň Ýalta şäherinde bu barada eden çykyşynda ol «Geçmişiň ajy sapaklaryndan sapak alyp, biz öz kararlarymyzy has giň dialoglaryň we kanuny çözgütleriň esasynda kabul ederis» diýdi.

Şeýle-de, ol Ukrainada wekilçilikli demokratiýany, ýerli öz-özüňi dolandyryşy we ynsan hukuklaryna goýulýan hormaty has artdyrmak ugrunda tagalla etjekdigini nygtady.

Emma, muňa garamazdan, prezident Ýanukowiçiň opponentleri prezidentiň ygtyýarlyklaryny artdyrmak barada Konstitusion suduň kabul eden kararyny ýazgaryp çykyş etdiler we muny awtoritarlyga tarap ädilen howply ädim diýip häsiýetlendirdiler.

Demokratiýanyň öldürilen günümi?

Oppozisiýa lideri, ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko prezidentiň ygtyýarlyklaryny artdyrmak barada Konstitusion suduň çykaran bu kararyny 1991-nji ýylda ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçýowa garşy gurnalan häkimiýet agdarylyşygyna synanyşyk bilen deňedi.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Şu gün, 2010-njy ýylyň 1-nji oktýabry Ukrainanyň taryhynda demokratiýanyň öldürilen güni, diktaturanyň berkarar edilen güni we ukrain GKÇP-siniň bolan güni hökmünde taryha girer».

Ýuliýa Timoşenkonyň syýasy blogynyň başlygynyň orunbasary, parlament deputaty Serheý Sobolew hem Timoşenkonyň bu garaýşyny goldap, bu wakany döwlet agdarylyşygy derejesindäki waka hökmünde häsiýetlendirdi we ýurtda möhletinden öň täze saýlawlaryň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

«Bu ýagdaýdan ýeke-täk çykalga - möhletinden öň prezidentlik we parlament saýlawlaryny geçirmekdir. Şu diňe ýagdaýdan çykalga. Başgaça ýagdaýda, ýurtda diktatura we antikonstitusion hökümet özüni kanunlaşdyrar» diýip, Serheý Sobolew nygtady.

Käbir analitikler hem prezidentiň ygtyýarlyklaryny artdyrmak barada Ukrainanyň Konstitusion sudunyň çykaran kararynyň näderejede ýerliklidigini sorag astynda goýýarlar.

Ukrainaly syýasy analitik Wiktor Neboženko Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda wakalaryň bu soňky ösüşiniň Ukrainada onsuz hem durgunlyga sezewar bolan syýasy ýagdaýy has-da kynlaşdyrýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG