Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň çagyryşlary netije berenok


 Ähli möhüm işler prezidentiň “ak patasyna” bagly bolup durýar
Ähli möhüm işler prezidentiň “ak patasyna” bagly bolup durýar

Türkmenistanda syýasy partiýalary döretmek meselesini prezident Berdimuhamedow birnäçe gezek gozgapdy. Ýöne bu meseläni gozgamaga diňe prezidentiň haky bar ýaly görünýär.


Şeýle çagyryş bilen başga biri Türkmenistanda çykyş etse, onuň başyna nämeleriň geljegi belli däl. Soňky metbugat konferensiýasynda hem prezident ýene bir gezek çakylyk görnüşinde syýasy partiýalary döretmäge rugsat berilýändigini gaýtalady.

Dogrusy, bu gezek berilýän «rugsadyň» şertleri birneme timarlanan röwüşde taslanypdyr. Birinjiden, belki-de, iň esasysy G.Berdimuhamedowyň «oppozision partiýalar» diýen sözi agzamanlygydyr.

Bu, görnüşine görä, tötänlik däl, sebäbi bu «rugsadyň» astynda tükeniksiz köp syýasy partiýalary ýasabermeli. Olar prezidenti hem häzirki režimi goldasa bolany. Öz ideýalaryny öňe sürjek oppozision partiýalara ýol bermek başgaça, çylşyrymly mesele. Sebäbi olar döwlet baştutany bilen konkurensiýa, bäsdeşlige girmek meýlini başdan göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa prezidenti tankytlamakdanam has elhenç, hatarly ýagdaý bolup durýar.

Prezident syýasy bäsdeş islärmi?

Türkmen prezidenti prinsipde özüne syýasy bäsdeşleriň döremegini islemese gerek. Häzirki režim prezident häkimiýetiniň ähli kararlaryna tutuş jemgyýetiň gep-gürrüňsiz we doly tabyn bolmagyny göz öňünde tutýar. Ýokary häkimiýetiň döwlet apparaty, güýç ulanyjy gurluşlaryň ählisi alternatiw pikire çydam edip bilmezler.

Metbugat konferensiýasynda prezident hemme zatdan ozal real hakykat bilen gapma-garşylykdadygyny ýaňzytdy. Ol bir tarapdan Türkmenistanyň konstitusiýasynyň milletine, syýasy ynanjyna, haýsy partiýa degişlidigine garamazdan, graždanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýändigini nygtady. Emma hakykatda welin, häkimiýet apparaty ozaly bilen tutuş häkimiýetiň özi üçin kepil döredýän güýç bolup çykýar. Jemgyýetiň galan bölegi dürli hili kepili diňe häkimiýetiň özünden almaly.

Aýdaly, prezident oppozision partiýalar däl-de, özüniň agzaýşy ýaly syýasy partiýalary döretmäge rugsat berdi, ol birgiden çäklendirmeler hem şertler bilen döredilmeli diýeli. Onda näme üçin jemgyýetde hiç hili hereket, janlanma ýok? Näme üçin hiç hili initsiatiwa, teklip ýok? Belki, bu çagyryşlaryň hem rugsatlaryň hiç birine hiç kim ynanýan däldir?!

Ähliumumy gorky belasy…

Belki, şol çäklendirmeleriň içinde berilmegi mümkin jezanyň we gazaply ar almalaryň howpy hem eýýäm bar bolmagy mümkin. Şeýle partiýalaryň işine güýç ulanyjy gurluşlaryň berkden-berk kontrollyk etjekdigine ýurtda köpler ynanýar.

Şeýle partiýalaryň islendik hereketine halka garşy, terrorçy partiýa hökmünde baha berilmegi hem bolup biljek zat. Şeýle ýagdaýda hiç kimiň öz başyny we şirin janyny döwlet sistemasynyň dannawsyz ar alyjy gylyjynyň aşagynda goýasy gelmez.

Metbugat konferensiýasynda hut prezidentiň özüniň köppartiýalylyk hakda gürrüň edendiginiň hiç kime delalaty degmez. Ol “Ýurduň Baş kanuny syýasy partiýalaryň öz kandidatlaryny saýlawlara hödürlemegini, teklip etmegini göz öňünde tutýar” diýdi. Türkmen hakykatynda bolsa bu hukugyň barlygy däl-de, şol hukukdan durmuşda peýdalanmak meselesi iň uly meseleleriň biri bolup durýar.

Türkmenistanda kagyz ýüzünde galýan kanunlar juda köp. Şol hukuklardan ýurtda näme üçin aşa az sanly adamlar peýdalanyp bilýärler diýen soragy bütin dünýä bermeli bolýar. Belki, režimiň özi operatiw ýagdaýda şol hukuklaryň öňüne böwet basýandyr?

Belki, ahyrsoňy, bu çagyryşlaryň hiç hili netije bermejegine, ýurt boýunça perman esasynda hakyky syýasy partiýalary döredip bolmajagyna bir gün prezidentiň düşünmegem ahmal.

Döwletiň munuň ýaly oýunlaryna, hokgalaryna halk indi öwrenişmeli däl. Sebäbi çynlakaý işiň pyrryldaga aýlanmagynyň mümkindigini hemmeler bilýär. Şeýle ýagdaýda dörediljek syýasy partiýalaryň jübi partiýalary we prezident apparatynyň dowamy boljdakdygy hemmelere öňündenem düşnükli. Beýle partiýalar, aňry gitse, ýokary häkimiýetiň daşky sypatyny bezeýän ýene bir dekorasiýa bolup hyzmat eder.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG