Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Meniňem pagtamy ýygşyň!»


Pagta ýygymy döwründe toý-baýramyň meýdanyna çalym edýän pagta meýdanlarynda soňky ýyllarda hiç hili höwesli zat galmady. Kolhozlar dargansoň, ýerler kärendesine ýer alyp işlejeklere berildi. Kärendeçilikden suwytly girdeji alyp bilmeýän adamlar ýyl-ýyldan bu işe goşulmakdan çete çekildiler. Öňler her aýda çeken zähmeti üçin aýlyk alyp, ýylyň soňunda-da bir maşynyň, käte hem iki maşynyň bahasyna ýeter ýaly ýyllyk girdeji (dohod) alýan daýhanlar kärendeçilikden ýylda diňe bir sapar aýlyk alýarlar. Ol hem ýyllyk hasaplaşyk. Ýyllyk hasaplaşyk hem üç-bäş ýüz amerikan dollaryndan aňry geçmeýär. Ýylyň dowamynda bolsa daýhan hiç hili aýlyk alman, gaýtam her bir edilen iş (suw tutmak, traktor bilen hatar aralaryny bejermek, dökün dökmek we ş.m.) üçin hökümete pul töläp durýar.

Öňler diňe gowaça ekilýän meýdanlar indi ençeme ekin üçin bölündi. Däne ekýän kärendeçiler, gawun-garpyz ekýänler, pagta ekýänler…

Pagta ýygymynyň başynda «Ak kerwen» dabarasy guralan çagda hem sanalgyja adam, ýagny diňe kärendeçiler gatnaşýar. Bu bolsa «Ak kerwen» dabarasynyň örän gyzyksyz geçmegine sebäp bolýar. Şundan soňky ümsümlik has-da erbet. Giden meýdanlarda diňe kärendeçileriň maşgalalary galýar. Pagta ýygymy gaty kyn pursat. Eýýäm oktýabr aýynyň ortasyndan ýagyş başlaýar. Şoňa çenli hasyly ýygnap bolmasaň, soňky ýagyş degýän hasyllar eýýäm pes sorta öwrülýär. Pagta ýygymynyň sentýabr aýyndan başlanýanyny hasaba alsaň, kyrk-kyrk bäş günüň içinde hasylyň aglaba bölegi ýygnalmaly. Ýöne hernäçe işeňňir maşgala bolanda-da giden meýdanyň pagtasyny bir maşgala isripsiz ýygnap bilmeýär. Gowaça diýlen ekin hem aýaza çybyklary doňýança hasyl eçilip durýar. Ýerleri basym gowaça çöpünden boşatmak üçin noýabr aýlarynda pagta ýygymy bes ediläýýär. Ýogsam bolmasa, pagta ýygyjy kombaýnlaryň goýberilmedik meýdanlaryndan howanyň maýylrak gelen ýyllary dekabr aýynyň soňuna çenli hasyl ýygnap bolýar.

Kärendeçilik düzgüni ýola goýlaly bäri pagta hasylyny isripsiz ýygnamak başartmaýar. Bir özüniň ähli hasyly zaýasyz ýygnap alyp bilmejegine göz ýetirýän kärendeçiler soňra oba adamlaryna pul töläp, pagtalaryny ýygyşmaga çagyrýarlar. Kärendeçä kömege barýanlar kim puly köpräk berse, ilki kömege çagyrany taşlap, puly köpräk töleýäniňkä geçip gidýärler. Kömege gelýän adamlary öz tarapyňa çekmek üçin bäsdeşlik başlanýar. Kömekçilere tölemäge puly ýetmeýänleriň içinde aglaýanlar hem bar. Olar: «Meniňem pagtamy ýygşaýyň! Ilki sizi men kömege çagyryp getirdim ahyry!» diýşip, naýynjar sesleri bilen kömekçileri çagyrýarlar.

Türkmenistanda jemgyýetiň özgermegi adamlaryň arasyna rehimsizligi getirdi. Adamlarda soňky döwürler rehim görünmeýär. Aglansyn, eňrensin, pul ýok ýere adamlar kömege barmaýarlar. Kim güýçli bolsa, şol kişi öz işini ýöredip hem bitirip bilýär.

Kärendeçilik ýoly amatly däl

Dogrusyny aýtsaň, pagtaçylykda kärendeçilik ýoly amatly däl. Pagtaçylykda ýene umumy hojalyk düzülse, kem bolmaz. Sebäbi ekerançylykda ähli meýdanlardaky iş birsydyrgyn gitmeli. Geliň, göz öňüne getireliň. On gektarlyk meýdan. Bu meýdany bäş kärendeçi iki gektardan paýlaşypdyr diýeliň. Şu on gektarda ekinleri ýekeleme, traktor bilen hatar ara bejergisi, dökün dökme, suw tutma işleri deň ýöremeli. Emma kärendeçileriň biri işeňňir, biri ýalta, biri geleňsiz…Şeýle ýagdaýda meýdanda dawa turýar. Gowaçany ýekeläp bolanyňdan suw bermeli. Ýekeleme işlerini tamamlan kärendeçi tä beýlekiler öz işlerini bolýança, gowaçasyny suwsuz goýup, garaşmaly bolýar. Sebäbi meýdanyň bir gyrasyndan suw goýberilensoň, onuň diňe iki gektaryny ýakyp goýup bolanok. Dökün işinde-de şeýle, beýleki işlerde-de.

Bir kärendeçi özüniň defolýasiýa geçirdip, gowaçalarynyň ýapragyny düşürtmek isläpdir. Beýlekiler bolsa, defoliýasiýa tölenmeli puldan gaçyp, ýaprak düşürtme işine razy bolmandyrlar. On gektaryň ortarasyndaky iki gektar ýere nädip samolýot bilen derman sepjek?! Soňra ýekäniň diýeni ýol almansoň, defoliasiýa işi goýbolsun edilipdir. Defoliasiýa bolmasa-da, ýapraklary düşmedik gowaçadan göwün islenýän hasyly alyp bolanok. Sebäbi Gün şöhlesini doly alyp bilmeýän körekler açylman galýar.

Daýhan hojalygy hem garaşsyzlyk ýyllarynda döredi. Bu söwet döwrüniň kolhozlaryna meňzeş. Ýöne öňki kolhozlardan häzirki daýhan hojalyklarynyň tapawudy kän. Meselem: sowet döwrüniň kolhozlaryna her bir öýden işlemäge adam hökmany suratda barmalydy. Işleýänlere her aýda çeken zähmetine görä aýlyk hak, bir ýylda ýyllyk haky berlerdi. Her bir kolhozçy öz ýaşaýan obasynyň territoriýasyndaky kolhozda zähmet çekmelidi. Daýhan hojalyklaryna bolsa isleg bildirýän kişiler arza boýunça girmeli. Mysal üçin daşoguzly bir daýhan Marydaky daýhan hojalygynda işlemek islese-de, işläp bilýär. Ýa-da maryly bir daýhan Daşoguzda işlemek islese-de işläp bilýär. Iş hut kolhozlardaky ýaly bileleşip, ýagny, kollektiwleýin edilýär, hak hem işlänlere paýlanýar, ýöne hut kärende hojalygyndaky ýaly, daýhan hojalygynda hem ýylda bir sapar hasaplaşylýar, aýda aýlyk ýok. Daýhan hojalygynyň kärende hojalygyndan gowy ýeri — daýhan hojalygyna degişli ähli meýdanlardaky işler birsydyrgyn edilýär. Kimdir biriniň öz gektaryndaky işini bolaryna garaşyp durmak ýok.

Bileleşip işlemek ýagdaýy gowy diýäýmeseň, daýhan hojalyklary hem daýhanlary gönendirip baranok. Pul ýetmezçiligi, çaga eklemek üçin garaz bir ýerde işlemek mejburlygy bu ýerlerde hem zähmete höweslenme döretmeýär.

Döwlet Hojamedow türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG