Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa sudy azerbaýjanly aktiwistiň hukugyny goraýar


Şu gün Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy Azerbaýjan hökümetini 2005-nji ýylda geçen parlament saýlawlarynda raýatlaryň saýlaw hukuklaryny çäklendirmekde aýplady.

Bu dawa 2005-nji ýylda parlament saýlawlarynda «Azatlyk» atly oppozision syýasy topardan kandidat, Azerbaýjanyň meşhur aýdymçysy Flora Karimowanyň alan seslerini ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň güýçsüz diýip yglan etmegi bilen ýüze çykdy.

Adam hukuklary boýunça Ýewropa sudy Azerbaýjanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň bu hereketiniň bikanundygyny belläp, Azerbaýjan hökümetiniň Flora Karimowa 80 müň 376 dollar möçberinde jerime tölemelidigini karar etdi.

Flora Karimowa suduň çykaran bu kararyndan hoşaldygyny aýdyp, Azerbaýjan hökümetine garşy ýene şikaýat etmek üçin dokumentleri ýygnaýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG