Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýaly lukman alym Nobel baýragyna mynasyp boldy


Şu gün 2010-njy ýylyň medisina boýunça Nobel baýragyny britaniýaly fiziolog Robert Edwards aldy.

R.Edwards emeli tohumlandyrmak ugrundan iş alyp barýar. Onuň alyp baran işleriniň netijesinde millionlarça önelgesiz maşgalalar çagaly boldy.

Şwesiýanyň Karolinsk instituty Nobel baýragynyň ýeňijisini yglan edende, ol Robert Edwardsyň işine «häzirki medisinanyň sütüni» diýip baha berdi.

Onuň oýlap tapan usulynyň netijesinde ilkinji çaga 1978-nji ýylda doguldy we şondan bäri şu usulyň esasynda 4 milliondan gowrak çaga dünýä indi.

Nobel baýragy belli şahsyýetlere medisina, fizika, himiýa, edebiýat, ykdysadyýet we parahatçylyk boýunça bitiren aýratyn möhüm işleri üçin berilýär.

Bu ýyl Nobel baýragynyň ýeňijilerine 1.5 million dollar pul baýragy, diplom we altyn medal gowşurylar.
XS
SM
MD
LG