Sepleriň elýeterliligi

NATO-nyň Pakistandaky ulag gatnawlary henizem açylanok


Şu gün NATO-nyň Baş sekretary Andre Fogh Rasmussen Pakistanyň hökümetiniň NATO-nyň ýüklerini geçirmek üçin Owganystan bilen serhet geçelgesini ýakyn wagtlarda açjakdygyna umyt edýändigini aýtdy.

Geçen hepde NATO-nyň dikuçarlary Pakistanyň serhetýaka territoriýasynda howa hüjümlerini geçirende üç sany pakistanly harbynyň öldürilmegi sebäpli, Pakistan NATO-nyň ýükleriniň öz serhedinden Owganystana geçirilmegine gadaganlyk girizipdi.

NATO-nyň ýük ulaglarynyň gatnawynyň togtadylan wagty Pakistanda NATO-nyň 20-den gowrak nebit daşaýan maşyny otlandy we 3 adam heläk boldy.
XS
SM
MD
LG