Sepleriň elýeterliligi

Albaniýanyň öňki prezidenti Türkmenistanda leksiýa berýär


Şu gün Albaniýanyň öňki prezidenti Rehtep Meýidani Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda leksiýa bermek çäresine başlady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ÝHHG-niň Aşgbatdaky Merkezi tarapyndan gurnalan bu çäräniň esasy maksady demokratik institutlaryň işleýiş prinsiplerini öwrenmek we häzirki dünýäniň howplaryna garşy durmak meselelerini aýdyňlaşdyrmak.

Rehtep Meýidaniniň leksiýalaryna Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Polisiýa Akademiýasynyň we Ylymlar Akademiýasynyň wekilleriniň, şeýle hem käbir ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gatnaşýandyklary habar berilýär.

R.Meýidaniniň leksiýalary ynsan hukuklaryny goramak, kanunçylyk reformalary, globalizasiýa we halkara gatnaşyklary ýaly meseleleri öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG