Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan harby operasiýalaryny dowam etdirýär


Täjigistanyň hökümet güýçleri ýurduň Raşt jülgesinde “yslamçy söweşijiler” diýilýänleriň garşysyna alyp barýan harby operasiýalaryny dowam etdirýärler.


Ýerli media şu gün bir ýörite operasiýada OMON güýçlerinden dört esgeriň we bir polis işgäriniň ölendigini habar berdi. Aýdylyşyna görä, atyşyklarda pitneçilerden hem iki adam ölüpdir.

Bu operasiýalara başlanmagyna 19-njy sentýabrda Kamarobda bolan hüjümde jemi 28 esgeriň öldürilmegi bilen bagly bolan waka sebäp boldy. Resmiler bu hüjümde ýerli we çet ýurtly yslamçy söwesijileri günäleýärler.

Täjigistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy Amirkul Azimow Içeri işler we Goranmak ministrliginiň, şeýle hem ýurduň Milli howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasarlary bilen öten hepdeden bäri Raştda ýör. Ol bu regiona ugramazdan öň söweşijiler bilen gepleşik geçirilmejekidigini aýdyp, olardan ýaraglaryny taşlamagy talap etdi. Azimow “Hökümetiň bu ýaragly topary dargytmaga mümkinçilikleri ýeterlik” diýdi.

Gabawa alnan region

Kamarob jülgesine gidýän ýollar häzirem bagly. Bu regiona barmaga diňe şol töwereklerdäki obalarda ýaşaýan adamlara rugsat edilýär. Raşt jülgesi bilen telefon gatnaşygy kesilgi. Döwletiň kontrollygyndaky mediada hem ol ýerdäki ýagdaý barada berilýän maglumatlar köp däl. Mundan Kamarobyň töweregindäki obalarda ýaşaýan ilat närazy.

Nawobodly Halim özlerine ýeterlik maglumat berilmeýänliginiň oba adamlarynyň arasynda gorky döremegine we dürli myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolýandygyny, gijelerine daşaryk çykmagyň hem gadagandygyny aýdýar: “Agşam sagat 8-den soň köçelerde diňe itler gezýär. Biri keselläýse-de, daşary çykyp, derman ýa medisina kömegini alyp bolanok”.

Kamarobyň golaýyndaky Koçon obasynyň ýaşaýjysy Saltanat hem soňky çaknyşyklarda öz obasynda birnäçe öýüň dargandygyny aýdýar: “Soňky dartgynlykda biziň Koçon obamyzda üç-dört öý, birnäçe hem ammar ýandy. Ody söndürmäge adam hem tapylmady. Sebäbi harby operasiýadan gorkup, hemmeler gizlenjek bolup, gaçyp gidipdiler”.

Urşuň gaýtalanmagyndan gorkulýar

Koçon obasynyň ýaşaýjysy Saltanat: “Graždanlyk urşunda ganly söweşleri başdan geçiren Raşt ilaty dartgynlygyň ýene regiona aralaşmagyndan gorkýar” diýýär.

Bu gorky ýeke Raşt bilen çäklenenok. Alnyp barylýan harby operasiýalar we esgerleriň öldürilmegi yaly wakalar köp adamlaryň öz ogullaryny goşun gullugyna ibermekden gorkup, olary çet ýurtlara ibermeklerine sebäp bolupdyr.

“Ejem-kakam meni Orsýete ibermek isleýär. Ýogsa, olar meni goşuna alyp, Raşta ibererler öýdüp aladalanýarlar” diýip, 18 ýaşly Murod Sobitow aýdýar.

Bu ýagdaýda Orsýete uçar biletleriniň bahasy hem barha artmak bilen. Iki ogluny ýaňy ol ýere iberen Furkat Jalolow “Maşgalalar öz soňkuja pullaryny bilet almak üçin harçlaýarlar” diýýär.

“Raştda bolan wakadan soň goşun biziň ýanymyzda ynamdan gaçdy. Bular ýaly ýagdaýda çagalary nädip gulluga goýbereli? Biziň pikirimizçe, goşun ýaş, tejribesiz esgerleri türgenleşdirmän, olary konfliktli regionlara iberýär” diýip, bu regionyň ýaşaýjysy Furkat Jalolow öz aladasyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG