Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Muşarraf partiýa gurýar


Pakistanyň öňki prezidenti, hazir pensiýada oturan general Perwez Muşarraf öz ýurduny täze, demokratik syýasy medeniýet bilen tanyşdyrmak üçin bir täze partiýa gurmak kararyna gelendigini aýdýar.


Muşarrafyň aýtmagyna görä, täze partiýanyň zerurlygynyň sebäbi Pakistanyň häzir kyn ýagdaýdadygy: “Men bir täze partiýany gurýaryn, sebäbi ol ýerde Pakistany häzirki garaňkylykdan çykaryp biljek başga bir patiýa göremok”.

1999-njy ýylda Muşarrafyň Pakistanyň gowgaly syýasy sahnasyna aýak basmagyna häzirkiden düýbünden tapawutly zat sebäp bolupdy. Şol ýyl prezident Nawaz Şerif özüne wepadar goşun başlygy Muşarrafy Kaşmirde Hindistan bilen koflikte girişenligi sebäpli wezipeden boşatmak kararyna gelipdi. Muşarraf hem Şerifden öç almak üçin 1999-njy ýylyň oktýabr aýynda onuň hökümetine garşy gan döküşiksiz döwlet agdarylyşygyny geçirip, atom ýaragly ýurtda 9 ýyllap höküm sürdi.

Häzir Londonda ýaşaýan Muşarraf şol 9 ýyllyk döwürde eden ýalňyşlarynyň bolandygyny boýun alyp, ötünç soraýar. Ol Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwiýusynda özüniň ýekelikde gelen käbir kararlarynyň problemalara getirip, häkimiýet başyndan gitmegine sebäp bolandygyny aýtdy: “Bu kararlaryň kanuny, ýurduň Baş kanunyna laýyk bolan bolmagy mümkin. Ýöne olar ýurda oňaýsyz täsir etdi. Men, ine, şular üçin ötünç soraýaryn”.

Muşarraf “syýasy şowsuzlyk” diýlip atlandyrýan işlerine özünden başga hiç kimi günäkar edenok. Ol diňe öz garşydaşlarynyň bu ýagdaýdan peýdalanandygyny aýdýar.

Pakistanda indiki saýlawlar 2013-nji ýylda geçirilmeli. Muşarraf hem ondan bärde ýurda dolanmakçy. Ýöne ol bu barada anyk bir senäni agzanok: “Biz resmi patiýa gurmak üçin Londonda gerekli işleri edip, halky öz tarapymyza çekeris. Şeýdip, ýagdaý döränsoň, men Pakistana baryp, partiýanyň ýokary göterilmegine goşant goşaryn”.


Pakistan ýaňy tomus gelen weýrançylykly siliň ýetiren zyýanlaryndan häzir hem ejir çekýär. Owganystanda söweşýän NATO güýçleri bilen dörän dartgynlyk ýokarlanýar. Ýurduň demirgazyk-günbatar etraplary hazir hem terroristleriň gaçybatalgasy bolmagynda galýar. Sosial ykdysady ýagdaý reforma mätäç.

Muşarrafyň pikriçe, Pakistanda bu problemalary çözmäge şert bar, ýöne ýolbaşçy ýok. “Bu serişde ýetmezçiliginden ýa başarnyk ýetmezçilginden däl. Bu ýolbaşçy ýoklugyndan. Ýolbaşçylar Pakistanda bar mümkinçiliklerden peýdalanyp bilenok” diýip, Muşarraf aýdýar.

Muşarraf ýurda dolanandan soň sowatsyzlyk, garyplyk we yza galaklyga garşy göreş yglan etjekdigini, bilim mümkinçiliklerini giňeltmek we gowulandyrmak üçin hususy sektory hem hökümetiň edýän tagallalaryna çekjekdigini aýdýar.

Emma hazir pensiýada oturan general Perwez Muşarrafyň täze partiýa gurmak baradaky niýeti Pakistanda joşgunly garşylanyp baranok. Onuň adalatly geçjek saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýanlar köp däl. Syýasatçylaryň aglabasy we onuň öňki ýaranlary Muşarrafyň täze partiýasyna goşulmaga meýilli görnenok.
XS
SM
MD
LG