Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý bilen Ýaponiýanyň ýolbaşçylary duşuşdylar


Ýaponiýa bilen Hytaýyň premýer-ministrleri geçen aý iki ýurduň arasyndaky bitarap deňiz suwlarynda bolan dartgynlylykdan soň, ilkinji gezek düýn Brýusselde duşuşdylar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan bilen Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabaowyň arasyndaky bu duşuşyk Bruýsselde geçirilýän Aziýa-Ýewropa Sammitiniň çäginde gurnaldy.

Duşuşykdan soňra Ýaponiýanyň bir hökümet resmisi ýakyn wagtlarda iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gepleşiklere başlamak barada ýolbaşçylaryň ylalaşyga gelenligini belledi.

Geçen aý Ýaponiýanyň patrollyk edýän gämisi bilen çaknyşandan soň, Hytaýya degişli bir gäminiň kapitany Ýaponiýa tarapyndan tussag edilipdi. Bu wakadan soň iki ýurduň gatnaşygy juda ýaramazlaşypdy.
XS
SM
MD
LG