Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda germaniýaly söweşijiler öldürildi


Düýn üsti adamsyz amerikan harby uçarlary tarapyndan Päkistanyň tire-taýpalar regionynda amala aşyrylan hüjümde 8 gozgalaňçy heläk boldy.

Bu öldürilenleriň arasynda Germaniýanyň raýatlygyny göterýän söweşijileriň hem bardygy habar berilýär.

Howpsuzlyk güýçleriniň ýerli işgärleriniň aýtmagyna görä, Päkistanyň Mir Ali etrabynda Talyban we Al-Kaýda söweşijileriniň gizlenýänligi güman edilýän bir öýe bu uçarlar tarapyndan iki raketa atylypdyr.

Diňe geçen aýyň dowamynda amala aşyrylan şeýle 20 töweregi hüjümde şol regionde azyndan 120 adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG