Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda daşary ýurtly dört esger heläk boldy


Owganystanyň dürli etraplarynda amala aşyrylan düýnki hüjümlerde NATO degişli dört esgeriň heläk bolanlygy aýdylýar.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň diňe ilkinji dört gününde bu ýurtda ölen daşary ýurtly esgerleriň sany 11 adama ýetdi.

NATO-nyň ýolbaşçylygynda Owganystanda hereket edýän halkara güýçleriniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu waka düýn ýurduň günortasynda bolupdyr. Emma resmiler ölen esgerleriň ýurtlary hakda jikme-jik maglumat bermekden saklandylar.

Şeýle-de, düýn ýüz beren başga bir atyşykda Owganystanyň Kandagar welaýatynyň häkiminiň orunbasarynyň hem agyr ýaralanandygy aýdylýar.

Gozgalaňçylar tarapyndan edilen şol hüjümde welaýatyň dini meseleler boýunça geňeşiniň bir agzasy hem ölüpdir.
XS
SM
MD
LG