Sepleriň elýeterliligi

Her ýyl MHM-niň döredilmegi bilen bagly prezidentiň edýän gutlaglary howpsuzlyk gullugynyň işini öwmek hem täze işlere ýol görkezmek bilen beslenýär.


Her ýyl sentýabryň ahyrynda, oktýabryň başynda Türkmenistanyň prezidenti Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň nobatdaky ýyl dönümi mynasibetli gutlag ýollaýar.

Sowet eýýamynda at berlişi ýaly “göze görünmeýän frontuň” esgerlerini öwmek berk režimli ýurtlara mahsus ýagdaý. Ýöne şol at hakykata onçakly bap hem gelip baranok.

Ol döwürlerde howpsuzlyk gulluklarynyň özi göze ilmese-de, iş fronty welin göze gaty gowy ilýärdi. Olaryň işi her bir sowet graždanyna bellidi. Galyň diwarlaryň aňyrsynda howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň nähili iş alyp barýandygy, belki, häzirem edil şonuň ýaly dowam edýändir.

Näme üçin bellemeli?

Organ işgärleriniň gününi bellemek däbi Orsýetde-de, käbir beýleki postsowet döwletlerinde-de saklanyp galdy. Ýöne hemmesinde däl. Mysal üçin, Ukrainada Wiktor Ýuşenkonyň ýurdy dolandyran döwri çekistleriň gününi bellemek zerurlygy jemgyýetiň başyndan aýryldy.

Rumyniýada adamlar zalym diktator Nikolae Çauşeskunyň döwründe hapa we gana ýugrulan işleri alyp baran howpsuzlyk organlarynyň geçmişinem, şu gününem bellemek ýa ýatlamak islemeýärler. Şu güne çenli Rumyniýanyň “Sigurantsa” gullugy barada ajy, örän ýakymsyz ýatlamalar saklanyp gelýär.

Gündogar Germaniýanyň territoriýasynda howpsuzlyk gullugynyň gününi baýram etmek hiç kimiň kellesine-de gelmese gerek. Ol diňe bir öňki döwletiň ýokdugy bilen bagly däl. “ŞTAZI” atly gündogar german howpsuzlyk gullugy özünden soň Germaniýanyň şu böleginde ýaramaz ýatlamalary galdyrdy.

Günbatar Ýewropa we Demirgazyk Amerika ýurtlary öz gizlin gulluklarynyň gününi halk köpçüliginiň drejesinde hiç haçan bellejek bolmandy. Şol bir wagtda-da, olaryň öz halkynyň üstünden edýän gözegçiligini beýleki ýurtlar bilen deňeşdirer ýaly däl, ol juda pes derejede. Soňky ençeme onýyllyklaryň dowamynda bolsa, olara öz ýurdunyň içinde syýasy derňewler geçirmek, syýasat bilen bagly barlag-öwreniş işlerini alyp barmak düýbünden gadagan edildi.

Türkmenistanyň «aýratynlygy»

Türkmen propagandasy Milli howpsuzlyk gullugynyň alyp barýan işine jemgyýetde buýsanç döretmäge çalyşýar. Bu bir bulaşyk hem gaty kyn iş. Çünki Türkmenbaşy döwründe howpsuzlyk gullugynda watançylygam, şöhrat, abraý alamatlaram peýda bolmandy.

Bu edaradan çykýan gorky adamlary şeýle bir ysmaz etdi welin, Nyýazow tarpa-taýyn dünýäsini täzelänsoňam, ol gorkyny ilat köpçüligi ýeňip geçip bilmedi. Munuňam üstesine ýurtda durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýan aňyrsy görünmeýän çäklendirmeler sistemasy dowam edýär. Şol çäklendirmeleriň amala aşyrylmagyna gözegçilik bolsa ýene-de howpsuzlyk organlarynyň elinde.

Prezident öz çykyşlarynda howpsuzlyk gullugynyň halkyň agzybirligini üpjün edýändigini hem birnäçe gezek aýtdy. Ýöne kadaly ýurtlarda halkyň agzybirligi ýaly çylşyrymly jemgyýetçilik isleri bilen, adatça, syýasy partiýalaryň, profsoýuzlaryň, dini we beýleki hökümete degişli däl guramalaryň meşgullanýandygy belli zat.

Türkmenistanda welin, agzybirlik, ony saklamak, kadalaşdyrmak türkmen çekistleriniň elinde bolup çykýar. Şu kontekstde Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçylarynyň mundan beýlägem “watançylyk prinsiplerine we ata-babalarymyzyň gahrymançylyk däplerine wepaly bolup galarys” diýip, prezidenti ynandyrmalary has-da gorkunç bolup görünýär.

Bu ýagdaý diňe bir halk köpçüliginiň arasynda däl, eýse çekistleriň öz arasynda-da gorkynyň saklanyp galjagyna şaýatlyk edýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG