Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Orsýetden “el çekip” bilenok


Geçen aýyň ahyrynda ors we gyrgyz taryhçylary iki halkyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 225-nji ýyllygy mynasybetli Bişkekde maslahat geçirdiler.


Bu ýygnanyşykda dabaraly bellenilip geçilen taryhy wakalardan birem gyrgyz taýpalarynyň emissarlarynyň ors patyşasyndan haraý gözläp, Sankt Peterburga eden saparynyň ýyl dönümi boldy.

Emissarlaryň bu saparynyň üstünden bir asyr geçer-geçmez hem gyrgyz topraklary Ors imperiýasyna birikdirilipdi.

Şondan bäri iki tarapda-da režimler çalşyrylyp, döwür üýtgese-de, Orsýet gyrgyz halkynyň durmuşynda möhüm rol oýnap gelýär. Bu ýagdaý has-da 10-njy oktýabrda Gyrgyzystanda geçmeli parlament saýlawlary bilen bagly kampaniýalarda göze ilýär.

Iki asyr dowam edýän “ysnyşyk”

Iki asyr mundan ozal bolşy ýaly, Gyrgyzystanyň uly syýasy partiýlarynyň ýolbaşçylarynyň soňky wagtlar iň bir ýygjam sapar eden ýeri-de Orsýetiň paýtagty boldy.

Soňky hepdelerde sosial demokratlaryň başlygy Almazbek Atambaýewden başlap, “Ak Şumkar” partiýasynyň başlygy Temir Saryýewe çenli hemmeler Moskwa baryp gaýtdylar. Ýöne bularyň içinde has üns berleni “Ar-Namys” partiýasynyň başlygy Feliks Kulowyň sapary boldy. Ol prezident Medwedew bilen hem duşuşdy.

Merkezi Aziýa regiony boýunça ekspert Erika Marat: “Moskwa bilen gowy gatnaşyk saklaýan syýasatçylary Gyrgyzystanda köpler gowy görýärler” diýýär.

“Prezident Medwedew ýa-da Orsýetiň häkimiýet başyndaky partiýanyň wekilleri bilen duşuşyklar bu kandidatlara abraý getirýär. Mysal üçin, “Ar-Namys” partiýasynyň başlygy Feliks Kulowy we onuň partiýasyny Orsýet goldaýar diýilýär. Şu meselede bir zady ýatdan çykarmaly däl: Oresýetiň täsirine ilat, aýratyn-da, şäher ilaty oňyn baha berýär” diýip Erika Marat belledi.

“Howpsuzlygy kepillendirýän zat”

Bişkekli syýasy analist Jyrgalbek Kasabolatowyň pikriçe bolsa, Kreml resmileri bilen geçýän duşuşyklar Moskwa bilen bolan köne gatnaşygy görkezýär.

“Biziň syýasatçylarymyzyň yzly-yzyna Moskwa gidip, orslaryň göwnünden turmaga synanyşmagy halkymyzyň aň-düşünjesi össe-de, syýasatçylarymyzyň şol öňki göýdük düsünjelerde galýandygyny görekezýär. Olar her zatdan öň gyrgyz halkynyň göwnünden turmaly. Beýleki meşeleler babatda diňe şondan soň, halkyň näme isleýändigini bilip, häkimiýet başyna gelenlerinden soň gepleşik geçirmeli” diýip Kasabolatow aýdýar.

Ýöne, beýleki tarapdan, Orsýet henizem Gyrgyzystanyň iň uly söwdä partnýory bolup durýar. Ýurduň howpsuzlygyny kepillendirýän-de şol. Bar bolan zerurlyk sebäpli, Orsýet bilen gatnaşyklar Gyrgyzystanyň indiki hökümeti üçin hem möhüm. Orsýet hem täze hökümet bilen, nähili hem bolsa, iş salyşmaly.

Moskwaly syýasy analitik Fýodor Lukýanow: “Kremliň edil şu wagt isleýäni Gyrgyzystana durnuklylyk getirjek adamyň döwlet başynda oturmagy” diýýär.

“Bu saýlaw Orsýet üçin gaty möhüm. Munuň-da sebäbi täze prezidentiň ýa premýer-ministeriň Orsýete garşy bolmagynyň mümkindiginde däl. Esasy sebäp - başarnykly, ygtybarly hökümeti gurup boljakdygy ýa bolmajakdygy. Häkimiýet başyna geljek adamyň, kim hem bolsa, Orsýete garşy bolmagy onuň oýlanşyksyzlygy we onuň özüni öldürmegi bolar” diýip Fýodor Lukýanow belledi.

Lukýanow Moskwanyň aladasyny şeýle düşündirýär: “Parlament bölünse we ol häzirki özara bäsleşýän toparlary öz içine alsa, onuň nähili işlejekdigi belli däl. Orsýeti çynkalaý alada goýýan şu. Hudaý saklasyn, ýöne Gyrgyzystanda ýakynda bolan wakalar ýaly bir zatlar bolaýsa, onda Orsýet muňa gatyşman durup bilmez”.
XS
SM
MD
LG