Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda täze kanun suwuň mugtlugyny tassyklaýar


Türkmenistanda düýn agyz suwy barada kanun kabul edildi. Täze kanun suwuň hiline we onuň adam saglygy üçin howpsuzlygyna gözegçiligiň döwlet talaplaryny kesgitleýär.

Şeýle-de bu kanun agyz suwuny we agyz suwunyň üpjünçilik sistemasyny ýerlikli ulanmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny goýýar.

Täze kanun esasynda Türkmenistanyň territoriýasynda her bir adam kesgitlenen mukdarda mugt agyz suwy bilen üpjün edilmeli.
XS
SM
MD
LG