Sepleriň elýeterliligi

ABŞ, ÝB we Kanada ÝHHG-niň hereketinden nägile


Polşanyň paýtagty Warşawadaky duşuşyga gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň delegasiýanyň ýolbaşçysy Maýkl Gest konferensiýada, oktýabr 2010-njy ýyl.

Polşanyň paýtagty Warşawadaky duşuşyga gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň delegasiýanyň ýolbaşçysy Maýkl Gest konferensiýada, oktýabr 2010-njy ýyl.

ÝHHG-niň Warşawada Adam ölçegleri boýunça geçirýän konferensiýasyna iki türkmen aktiwistiniň goýberilmezligini ABŞ, ÝB we Kanada tankyt edýär. Aktiwistleriň bu çärä gatnaşmagyna Türkmenistanyň garşy çykandygy habar berilýär.

Waka howpsuzlyk we adam hukuklary meseleleri boýunça iş alyp barýan ÝHHG-niň duşuşygy wagtynda bolup geçdi. 56 agzaly bu gurama Günbatar ýurtlaryndan we öňki sowet ýurtlary bolan birnäçe awtoritar döwletlerden ybarat. Häzir ÝHHG-e Gazagystan ýolbaşçylyk edýär.

Polşanyň paýtagty Warşawadaky duşuşyga gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň delegasiýanyň ýolbaşçysy Maýkl Gest adam hukuklary boýunça ýokary derejedäki halkara konferensiýasyna raýat jemgyýetçiliginiň agzalarynyň goýbermezligi ABŞ üçin “kabul ederlikli däl” diýdi. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär.

“Şeýle hereketler gurama we gymmatlyklaryň jemgyýeti hökmünde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna zeper ýetirýär” diýip, ABŞ-nyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy, ilçi Maýkl Gest aýdýar.

Duşuşyga goýberilmedik türkmen aktiwistleri - Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen oppozision Respublikan partiýasynyň egindeş başlygy, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň öňki orunbasary Annadurdy Hajyýew.

Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat wekili Freýn Marowiç iki aktiwistiň duşuşyga goýberilmegine Türkmenistanyň hökümetiniň garşy çykandygyny aýdýar.

Ýewropa Bileleşigi iki türkmen aktiwistiň duşuşyga gatnaşdyrylmazlygyna “juda lapykeç” bolandygyny aýdyp, olaryň ýygnaga goýberilmegini talap etdi.

Kanada aktiwistleriň goýberilmezligine nägilelik bildirip, beýanat ýaýratdy. “ÝHHG-niň çäresine raýat jemgyýetçiliginiň doly derejede gatnaşdyrylmagy biz üçin juda möhüm” diýip, Kanada aýdýar.

The Associated Press habar agentliginiň ýaýradan maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG