Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky iki hepdede Päkistanda 100 töweregi söweşiji öldürildi


Pentagonyň maglumatyna görä, soňky iki hepdäniň dowamynda NATO güýçleri tarapyndan düýbi Päkistanda ýerleşýän gozgalaňçy topara garşy amala aşyrylan harby çärelerde şol toparyň azyndan 100 agzasy heläk bolupdyr.

Pentagonyň metbugat wekili Jeff Morrell şol çäreleriň talyplaryň Hakgany toparyna degişli gozgalaňçylary nyşana alyp amala aşyrylanlygyny belledi.

Şol radikal topar Päkistanda ýerleşýär we onuň Al-Kaýda guramasy bilen hem baglanşygynyň bardygy aýdylýar. Şol toparyň ABŞ-nyň Owganystandaky harbylaryna howp abandyrýandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG