Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamalarda 9 adam heläk boldy


Düýn giçlik Owganystanyň günortasyndaky Kandagar şäherinde iki sany güýçli partlama boldy. Resmileriň aýtmagyna görä, bu wakalarda azyndan 9 adam heläk bolup, 20 töweregi adam hem ýaralanypdyr.

Ýaralylaryň arasynda Owganystanyň polisiýa güýçleriniň agzalarynyň-da bardygy aýdylýar. Kandagarda duşenbe güni bolan üç partlamada hem Owganystanyň polisiýa güýçleriniň 4 agzasy ölüpdi.

Şeýle-de, gozgalaňçylar tarapyndan duşenbe güni amala aşyrylan başga bir hüjümde Kandagar welaýatyna degişli bir etrabyň öňki ýolbaşçysy Habibulla Ahonzade hem heläk bolupdy.

Häzirki wagt NATO we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri talyplaryň esasy mesgeni hasaplanylýan Kanadagaryň töwereklerinde gozgalaňçylara garşy harby çäreler geçirýärler.
XS
SM
MD
LG