Sepleriň elýeterliligi

Brýusselde Hytaý-Ýewropa sammiti öz işine başlaýar


Hytaý bilen Ýewropanyň arasynda geçirilýän ýyllyk sammit şu gün Brýusselde öz işine başlaýar.

Bu sammitde ýewropaly liderler Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabaudan Hytaýyň milli pulunyň hümmetiniň gyssagly ýagdaýda ýokarlandyrylmagyny talap ederler diýlip garaşylýar.

Ýewropanyň we Amerikanyň ýolbaşçylarý Hytaýy öz eksport edýän harytlarynyň bahasyny arzan saklamak üçin öz milli pulunyň hümmetini pes derejede saklaýanlykda aýplaýarlar.
XS
SM
MD
LG