Sepleriň elýeterliligi

Hajyýew ÝHHG-niň maslahatyna goýberildi


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleri boýunça Warşawadaky konferensiýasyndan pursat

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleri boýunça Warşawadaky konferensiýasyndan pursat

ÝHHG-niň Warşawadaky konferensiýasyna iki günläp goýberilmedik türkmen aktiwistleriniň biri A.Hajyýewe bu maslahata gatnaşmaga rugsat edildi.


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Adam ölçegleri boýunça bu konferensiýasyna goýberilmedik beýleki bir türkmen aktiwisti, oppozision Respublika partiýasynyň egindeş başlygy Nurmuhammet Hanamow bolsa 6-njy oktýabrda Wena gaýtmalydygyny, emma iki hepdeden soň Wenada geçirilmeli YHHG-niň konferensiyasyna gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa (çepde) we türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýew
Käbir aktiwistler ÝHHG-ä Gazagystanyň ýolbaşçylyk etmeginiň şeýle wakanyň ýüze çykmagyna getirendigini aýdýarlar.

Sentýabryň ahyrynda başlanyp, 8-nji oktýabra çenli Warşawada geçýän bu konferensiýa iki gün goýberilmedik türkmen aktiwistleriniň biri Annadurdy Hajyýewe bu maslahata gatnaşmaga şu gün rugsat edildi. Bu barada A.Hajyýewiň özi Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Ol ÝHHG-e ýolbaşçylyk edýän Gazagystanyň resmileri tarapyndan zerur dokumentler eline berlip, konferensiýa goýberilýänçä, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Şweýsariýanyň we Ýewropanyň käbir beýleki ýurtlarynyň wekilleriniň ençemesiniň öz ýanynda bolandygyny gürrüň berdi.

Halkara jemgyýetçiligi üns berdi

5-nji oktýabrda “Associated Press” agentliginiň bu waka bilen bagly ýaýradan maglumatynda Polşanyň paýtagty Warşawadaky duşuşyga gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Gestiň “Adam hukuklary boýunça ýokary derejedäki halkara konferensiýasyna raýat jemgyýetçiliginiň agzalarynyň goýberilmezligi ABŞ üçin kabul ederlikli däl” diýendigi bellenildi.

Konferensiýa gatnaşýan käbir aktiwistleriň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri türkmen aktiwistiniň duşuşyga goýberilmegini talap edipdirler. Kanada hem aktiwistleriň konferensiýa goýberilmezligine nägilelik bildirip, beýanat ýaýratdy.

ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşdyrylmadyk beýleki aktiwist Nurmuhammet Hanamow öz planlary boýunça bu gün, 6-njy oktýabrda, Wena gaýdyp barmalydygyny aýdyp, bu meseläni soňuna çenli yzarlajakdygyny nygtady.

Hususan-da, ol şeýle diýdi: “18-nji oktýabrda Wenada hem ÝHHG-niň konferensiýasy geçiriljek. Men şol konferensiýa gatnaşmagy göz öňünde tutýaryn. Şonuň üçin bu meseläniň çözülmegi ugrundaky hereketlerimi dowam etdirjek”.

Gazagystanly raýat aktiwisti Balli Marsez öň şeýle wakalaryň bolmandygyny aýdyp, şu ýyl ÝHHG-ä Gazagystanyň ýolbaşçylyk etmeginiň ýaramaz täsirininiň ýetendigini belledi: “Gazak oppozisiýasynyň wekili hökmünde gazak häkimiýetleriniň özüniň hakyky ýüzüni görkezendigine gynanýaryn”.

Gazak resmileriniň jogaby

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow Gazagystanyň ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edip başlaly bäri bu gurama agza ýurtlaryň hiç haýsyndan şikaýatyň ýa-da tankydy bellikleriň bolmandygyny aýtdy.

Ol: “1-2-nji dekabrda Astanada geçiriljek ÝHHG-niň sammitiniň öňüsyrasynda biz 500-den gowrak hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda uly konferensiýa geçirmegi göz öňünde tutýarys” diýdi.

I.Omarow ol konferensiýada migrasiýa bilen bagly meseleler, adam gaçakçylygyna, şol sanda çaga gaçakçylygyna garşy göreş ýaly meseleler bilen bir hatarda, metbugat azatlygy barada hem maslahat geçiriljekdigini belledi.

“Biz ÝHHG-niň adam ölçegleri bilen bagly maslahatyna uly goşant goşýarys. Şonuň üçin Warşawadaky wakanyň ýüze çykmagynda gazak tarapyny günäkärlemek ýerliksiz diýip pikir edýärin” diýip, Gazagystanyň DIM-niň metbugat sekretary nygtady.

"Konstruktiw dialogy ýola goýmaly"

Türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýew Warşawadaky bu konferensiýa Türkmenistanyň resmileriniň gatnaşmaýandygyna gynanýandygyny aýdyp, öz hereketleri bilen ýurduň häkimiýetleriniň Türkmenistanyň abraýyny pese gaçyrýandygyny belledi.

Ol, hususan-da: “Türkmenistanyň häkimiýetleri bize öz ýagylary hökmünde garaman, beýleki ýurtlar ýaly, biz bilen bilelikde dialog geçirmäge synanyşmaly. Bizde häkimiýet agdarylyşygyny amala aşyrmak ýa-da halky häkimiýetlere garşy öjükdermek ýaly pikirler ýok. Biz diňe halkyň durmuşyny gowulandyrmak ugrunda konstruktiw gepleşikleriň başlanmagynyň tarapdary” diýip nygtady.

Nurmuhamed Hanamow hem Hajyýewiň bu pikiri bilen ylalaşyp, şeýle diýdi: “Türkmenistan tarapy bizden gorkmaly däl. Bu maslahatda beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň resmi wekillerem, oppozisiýanyň agzalaram, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekillerem bar. Bu ýerde diňe türkmen resmileri ýok. Olar biziň muňa gatnaşmagymyza-da päsgelçilik döredýärler. Öz hereketleri bilen özleri masgara boldular. Bular ýaly ýygnaklara bilelikde gatnaşmaly, hemmetaraplaýyn dialogy ýola goýmaly”.
XS
SM
MD
LG