Sepleriň elýeterliligi

Kanalizasiýa diýilýän zat dogry gurulmasa, ol kimiň ýaşaýşyny ýeňilleşdirýär, kimiňkinem, tersine, dowzaha öwürýär.


Adatça, kanalizasiýa, ýagny, jaýlardaky ulanylan suwlary we hajathanadan goýberilýän nejasatlary ýaşalýan ýerden çete äkidýän turbalar adamlaryň ýaşaýşyny ýeňilleşdirmek üçin gurulýar. Ýöne kanalizasiýa dogry gurulmasa, ondaky hapalar soňky nokadyna çenli ýapyk turbalarda eltilmese, onda ol adamlaryň ýaşaýşyny dowzaha öwrübem bilrýär.

Molla-müftüler dowzahdan gürrüň açanlarynda, köplenç, onuň ysynyň gaty erbetdigini aýdýarlar. Ys bilen adamlary gorkuzýarlar. Şonda adamlar dowzahdan hasam beter eýmenýärler. Şol erbet ysyň içine ebedilik düşmejek bolup, özlerini gowy alyp barmaga çalyşýarlar, günä işleri etmekden saklanýarlar.

Ýöne adamlar şu dünýäde dowzahyň ysyna uçrasalar, şonda nätmeli? Gyşyn-ýazyn aňkap duran porsy suwlaryň golaýynda ýaşaýanlar, porsy ysdan gije-gündiz dem almaly bolýanlar nädip dürli kesellerden özlerini we çagalaryny goramaly?!

Mysal üçin, Aşgabadyň çetinde ýerleşýän bir posýolok bar. Bu posýologa gelýänleriň köpüsi şäher awtobus aragatnaşyk ulgamynyň 4-nji we 5-nji marşrutlarynda gatnaýan awtobuslardan peýdalanýarlar. Olar şol awtobus marşrutlarynyň ahyrky duralgasynda düşensoňlar, posýologyň bir çetinden girmek üçin ýene 200 metr çemesi ýöremeli bolýarlar...

Adamlary garşylaýan ys…

Şol ýerde-de olary mydama şäher kanalizasiýasynyň jemlenen erbet ysy garşylaýar. Sebäbi şol ýere turba bilen gelýän hapa suwlary nasos stansiýasy Garagum derýasynyň üstünden geçirilen turbalara berýär. Şol ýerde-de, edil ertekilerdäki ýaly, ýol üçe bölünýär: çepe gidenleriň ykbaly ibalyrak – olar ýaňky ýerden daşlaşdyklaryça, ýitip gitmese-de, ys birneme gowşaýar.

Göni gidenleriň ykbaly posýologyň ortalaryna golaýlaşdykça gowulaşýar – ys azalýar, emma posýologyň orta gürpünden geçensoňlar, ýene erbetleşýär – ys öňküdenem beterleýär...

Saga gitmeli welin, özüň bolma! Yslaryň ilkinji tapgyry yzda galyberenden, öňüňden şäher kanalizasiýasynyň aňkap duran derýasy çykýar. Onuň üstünden geçip bolmaýar, asyl geçmek geregem däl: adamlar günorta we gündogar taraplary şol ýeke gol – porsy derýanyň gujagyna dolan posýolokda ýaşamaga mejbur!

Ýogsa-da, posýolok kanalizasiýa derýasynyň çep kenarynda ýerleşýär diýseňem boljak, emma hakykaty doly suratlandyrmak üçin posýologyň demirgazyk tarapyndan Garagum derýasynyň akyp ýatandygynam aýtmaly. Şonuň üçin, käbir beýleki jandarlar ýaly, posýology eýelän çybynlar durmuş obrazlary boýunça iki topara bölünýärler: kanalizasiýa derýasynda mesgen tutan çybynlar we Garagum derýasynda mesgen tutan çybynlar…

Çybynlaryň arasyndaky “watançylyk urşy”

Kanalizasiýa derýasyny eýelemek ugrunda çybynlaryň iki toparynyň arasynda, ýagny süýji suwdaky çybynlar bilen ajy suwdaky çybynlaryň arsynda wagtal-wagtal ullakan uruş turýar! Olaryň urşy döwründe adamlaryň ýagdaýy biraz ýeňleýär. Sebäbi çybynlar özara uruş bilen meşgul bolýarlar. Uruş gutaransoň welin, adamlaryň dat gününe: çybynlar urşuň ahmyryny adamlardan çykarýarlar. Şonda kanalizasiýa derýasynyň çybynlarynyň hüjümleriniň has gazaply, has howply bolýandygyny aýdýarlar. Sebäbi olar adamlaryň tenine dözümli sançýan iňňelerini kanalizasiýanyň hapa suwuna batyryp çykarýarlar.

SSSR döwründe ýene ýagşy eken. Ol döwürde mergi, garahassalyk ýaly keselleriň bakteriýalaryndan hem mikroblaryndan howpsuzlandyrmak üçin posýologyň iki ýüz metr öň ýanynda kanalizasiýa derýasynyň suwlaryny hlorly reaktiwler bilen dermanlaýan ekenler. Şol döwürlerde çybynlaryň garşysyna-da täsirli işler geçirilipdir. Bu taýdaky ysa hem çydamazça däl eken. Şol döwürde kanalizasiýa derýasam turba sapylmaly edilipdir.

Ýagdaý häzirki derejä garaşsyzlyk döwründe ýetipdir. Muny döwleti sopbaş özi dolandyran Nyýazowdan geňem görmeli däl, ol sanitariýa bilen gigiýenany biler ýaly medinistituty hem gutarmandyr.

Berdimuhamedow prezident bolansoň welin, posýoloklylar erbet ysdan, antisanitariýadan dynarys öýtdüler. Dogrudanam, medinstituty gutaran prezident ilki bilen ilatyň saglygy, ýurduň sanitariýa we gigiýena ýagdaýy bilen gyzyklanmazmy näme?

Şoňa görä, posýologyň üstünde prezidentiň dikuçary göründigi, uludan-kiçä köçä çykyp, öz halasgärlerini garşylaýan ýaly ellerini bulap begener ekenler. «Şu gezeg-ä görendir-de, şu gezeg-ä görendir!» bolşup, biri-birini gutlaýan ekenler. Ýöne prezident posýologyň kanalizasion derýasyny görmedik bolarly: ol henizem öňküsi ýaly akyp ýatyr…

Çybynlar we çinownikler

Umyt halys ejizlände, Türkmenistanyň Sanitar kodeksi kabul edildi. Şonda dagy döwlet häkimiýetleriniň ýokardan aşak hemmesiniň raýatlaryň saglygyny goramaga we oňaýly daşky gurşawa bolan hukuklaryny üpjün etmäge borçlandyrylyşyny okanlarynda, posýoloklylaryň arkasy alnan ýetim çaga ýaly hamsygmadygy az bolsa gerek.

Indi welin, olar şoňa ökünýärler. Merdräk bolmaly ekenik diýýärler. Prezidentiň diplomynyň medigiňkem bolsa, häsiýetiniň gurluşykçyňkydygyna olar indi düşünýärler. Indi olar prezidentiň öz posýoloklarynyň problemalary-ha beýlede dursun, posýoloklarynyň adyny-da eşitmegini islemeýärler. Eşitse, ol ýaşaýyş jaýlaryny ýykaýjak ýaly bolup dur…

Ýogsa, kimiň bähbidi üçin gurulýandygy açyk aýdylmadyk Olimpiýa şäherçesiniň birinji nobaty üçin goýberilen iki milliard dollaryň (!) milliondan biri bu posýologyň hajatlaryna gönükdirilsedi, onda öz ýaşaýan şäherçeleriniň sanitariýa ýagdaýynyň hemişelik düzeljekdigini adamlar gowy bilýärler.

Emma… Emma görgüsiýaman adamlar indi iki oduň arasynda galýarlar: "Bizi şu aňkap duran aýylganç ysdan dyndar!" diýip, erjellik görkeziberseler, şol ys bilen bile öz öňküje mydarlaryndanam dynarys öýdüp, öler ýaly gorkýarlar...

Adamlar çybynlardanam çekinýärler, çinowniklerdenem: çybynlar olaryň etini iýip barýar, kanalizasiýanyň porsusy demlerini tutýar, ýöne çinownikleri kömege çagyrsalar, jaýlarynyň ýykylmagy ahmal…

Gahryman Merdanow aşgabatly ýerly synçynyň edebi lakamy. Bu blogdaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG