Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG: ABŞ Aşgabada çagyryş edýär


ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi
ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasyna gatnaşýan Birleşen Ştatlaryň delegasiýasy Türkmenistanyň hökümetini 2002-nji ýylyň noýabr aýyndaky wakalarda tussag edilen adamlaryň ýagdaýy barada açyk maglumat bermäge çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň ÝHHG-däki wekili Ian Kelliniň Warşawadaky konferensiýanyň Kanunyň hökmürowanlygy boýunça sessiýasy üçin niýetlenen çykyşynda aýdylýar.

“Tussag edilen adamlaryň sud edilişi ÝHHG-niň normalaryndan juda daşda galýar. Türkmenistanyň öz içerki kanunlary tussag edilen adamlaryň bäş ýyldan soň öz maşgalalaryny görmeklerine rugsat edýän hem bolsa, olaryň ykbaly ýa-da ýagdaýy barada hiç hili maglumat ýok. Biz Aşgabady şol adamlar barada olaryň maşgalalaryna maglumat bermäge çagyrýarys” diýip, ilçi Ian Kelliniň çykyşynda nygtalýar.

“ÝHHG-niň agza ýurtlarynda kanunyň hökmürowanlygyny gazanmak we garaşsyz sudlary ýola goýmak prosesi dowam edýär. Munuň üçin demokratik düzgünler bilen zulumy biri-birinden aýyrýan prinsiplere bagly bolup galmak zerur. ABŞ bu möhüm mesele boýunça ÝHHG-niň agza döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär we muňa taýýar” diýip, ABŞ-nyň ÝHHG-däki wekiliniň çykyşynda bellenilýär.

ABŞ Türkmenistandaky hereket azatlygynyň ýagdaýyna hem uly alada bildirýär. Helsinki prosesiniň ilkinji onýyllygyna garanda, hazirki ýagdaýlar has ganymat hem bolsa, ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň käbirleriniň heniz hem öz raýatlaryna bu meselede päsgelçilik döredýändigi ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Tomas Melianyň konferensiýanyň Esasy azatlyklar boýunça sessiýasy üçin niýetlenen çykyşynda aýdylýar.

1975-nji ýylda Finlandiýanyň paýtagty Helskinkide kabul edilen Helsinki Jemleýji Aktyna Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, 1992-nji ýylda gol çekipdi. Bu halkara dokumentde “her bir raýatyň döwletiň öz serhediniň içinde erkin hereket etmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hem-de öz ýurdundan ýa-da islenik başga bir ýurtdan aýrylmaga we oňa dolanyp barmaga doly hukugynyň” bardygy görkezilýär.

“Käbir ÝHHG döwletlerinde ýurtdan çykyş boýunça çäklendirmeleriň bar bolmagy ABŞ-ny alada goýýar. Bu çynlakaý mesele Sowet döwründäki düzgünlere tarap yza gaýdyşlygy aňladýar we ÝHHG-niň düzgünlerini bozýar. Türkmenistan daşary ýurtlarda okamak isleýän studentleri yzygiderli ýurduň daşyna goýbermän gelýär. Adam hukuklary boýunça aktiwistleriň, syýasy opponentleriň we olaryň garyndaşlarynyň erkin syýahat etmek hukuklary ellerinden alnan” diýlip, diplomat Melianyň çykyşynda aýdylýar.

Duşuşyga gatnaşanok, gatnaşdyranok

Polşanyň paýtagty Warşawada ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça geçirýän konferensiýasyna iki türkmen aktiwistiniň goýberilmegine Türkmenistanyň hökümetiniň garşy çykandygy hem habar berlipdi. Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi we Kanada bu ýagdaýy tankyt edipdi. 6-njy oktýabrda bolsa, olaryň biri - Annadurdy Hajyýewiň maslahata gatnaşmagyna rugsat edildi.

Duşuşyga gatnaşýan ABŞ-nyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Gest adam hukuklary boýunça ýokary derejedäki halkara konferensiýasyna raýat jemgyýetçiliginiň agzalarynyň goýbermezligi ABŞ üçin “kabul ederlikli däl” diýdi. Diplomat Gest hökümete degişli bolmadyk guramalaryň ýygnaga gatnaşdyrylmagy boýunça ÝHHG-niň düzgünleriniň bozulandygyny aýdyp, türkmen aktiwistleriniň ýygnaga goýberilmegini talap etdi.

ABŞ-nyň diplomaty Maýkl Gest olara garşy bildirilýän aýyplamalaryň Türkmenistanyň daşynda ykrar edilmändigini we olaryň ikisiniň hem ÝB döwletlerinde kanuny ýagdaýda ýaşaýandyklaryny belledi. “Görnüşe görä, Polşanyň hökümetiniň hem olary bu ýurda goýbermezligine hiç hili sebäp ýok. Ýogsam, olar diňe duşuşyga gatnaşmak üçin hasaba alynmandyklary sebäpli şu myhmanhanada garaşyp oturmazdylar” diýip, Gest aýtdy.

“Öňki ýyllarda hem Türkmenistan edil şu iki aktiwistiň ýygnaga goýberilmegine garşy çykdy we her gezek olaryň talaby ret edildi. Aslynda, mundan öň olaryň biri ÝHHG-niň alty duşuşygyna, beýlekisi bolsa ýedi duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň haýyşyny gözden geçirer ýaly hiç hili täze maglumat ýok. Hatda Türkmenistan öz talaplaryny öňe sürmek üçin bu ýere-de gelmedi” diýip, duşuşykdaky ABŞ-nyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Maýkl Gest nygtady.

Häzir Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna Gazagystan ýolbaşçylyk edýär. Bu ýurduň başlyklygy şu ýylyň ahyrynda tamamlanýar. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy howpsuzlyk boýunça dünýäniň iň uly hökümetara guramasydyr. Onuň mandatyna ýaraglara gözegçilik, adam hukuklary, metbugat azatlygy we adalatly saýlawlar ýaly meseleler girýär.
XS
SM
MD
LG