Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Waşington päkistanly esgerlere edilen hüjüm üçin ötünç sorady


ABŞ-nyň Yslamabatdaky ilçisi ýakynda päkistanli esgerlere edilen hüjüm üçin düýn Yslamabatdan ötünç sorady. Amerikaly harbylar tarapyndan Päkistanyň tire-taypalar regionynda 30-njy sentýabrda amala aşyrylan şol hüjümde üç päkistanly esger heläk bolupdy.

Amerikanyň Päkistandaky ilçisi Anna Patterson tarapyndan ýayradylan şol beýanatda amerikaly harbylara degişli dikuçaryň şol esgerleri gozgalaňçylardyr diýip güman edendigi sebäpli olara ýalňyşlyk bilen hüjüm edendigi aýdylýar.

ABŞ-nyň we NATO-nyň Owganystandaky harbylarynyň komanduýuşisi general Dewid Petreus hem şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin Päkistanyň harbylary we hökümeti bilen bilelikde işleşjekdigini aýtdy.

Esgerleriň ölümi bilen bagly şol wakadan soň Päkistan Owganystandaky halkara güýçleri üçin ýük geçirilýän serhet geçelgelerini ýapýanlygyny yglan edipdi. Bu geçelgeler Owganystanda ýerleşýän halkara güýçlerini dürli ýükler bilen üpjün edýän esasy ýollardan biridir.
XS
SM
MD
LG