Sepleriň elýeterliligi

Şu hepde Aşgabatda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty ýurtdaky ähli güýç ulanyjy gurluşlaryň dokuz aýdaky işiniň jemlerine bagyşlanyldy.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bu maslahaty Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygynyň bellenişiniň sözme-söz diýen ýaly gaýtalanmasy boldy. Onda ýene-de wepalylyga, watançylyga, watana jan-dilden hyzmat etmeklige aýratyn üns berildi.

Dogrusy, harbylara we kanun goraýjy organlara gönükdirilen talaplarda türkmen harbylaryna we çekistlerine asla mahsus bolmadyk görkezmeler hem bar. G.Berdimuhamedow bu ýowuz hem kuwwatly organlardan kanunçylygy, tertip-düzgüni aňrybaş derejede berk goramagy we ýerine ýetirmegi talap etmek bilen çäklenmän, eýsem graždanlaryň hukuklaryny, olaryň abadan ýaşaýşy üçin “döredilen” şertleri we türkmen halkynyň döredijilikli zähmetini goramagy-da talap etdi.

Türkmenbaşynyň döwründe-de, ondan öňki döwürlerde-de güýç ulanyjy gurluşlar bilen bagly düzgünler, adatça, jemgyýetde köpçülikleýin gorky döredäýmese, aýratyn bir ruhubelentlik döretmeýärdi. Eger gürrüň “adam hukuklary” barada gidýän bolsa-ha, ol hasam gorkulydy...

Düşnüksiz “adam hukuklary”

Prezidentiň “adam hukuklary” baradaky soňky çagyryşlaryna we talaplaryna ýurduň adaty raýatlarynyň çäklendiriji düzgünleriň öňküdenem berkidilmegi, täze arassalaýyşlar we ar almalar kampaniýasynyň başlanmagy hökmünde düşünýän bolmaklary-da mümkin.

Prezidentiň “zähmet şertlerini üpjün etmek” baradaky çagyryşy hem gümürtik ýaňlanýar. Eýsem, harbylar we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri köp müň adamly işsizler armiýasyna mundan beýläk nähili garamaly? Prokuratura we Milli howpsuzlyk ministrligi ýüzlerçe müň işsiz türkmenistanlynyň başdan geçirýän hupbatlaryny nähili paýlaşmaly?

Hawa, bärsinden ýurduň işe ukyply ilatynyň 25%-ne häkimiýetleriň özi iş tapyp bilmeýän wagty ýaňky agzalan organlar şol adamlara nähili kömek berip biler?

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda prezident ýene bir gezek harby doktrinanyň diňe goranmak häsiýete eýedigini, ýurduň parahatçylyk söýüjilik, gumanizm prinsiplerine esaslanýan ýokary derejeli bitaraplyk durumyny nygtady.

Emma şol aýdylýan, nygtalýan zatlar ýurduň graždanlaryna gatnaşyklarda juda az, pes derejede göze ilýär. Muňa mysal hökmünde ýarym million töweregi işsiz adamynyň öz işsizligi üçin döwletden hiç hili kömek almaýandygyny getirmek mümkin.

Mundan daşary, onýyllyklar bäri türkmen jemgyýetinde dowam edip gelýän başga bir fakty-da getirmek bolar. Ol-da güýç ulanyjy gurluşlaryň tutuş güýç-kuwwatynyň, olaryň elinde bar ähli mümkinçilikleriniň ýurdy doly gabawda, daşarky dünýäden üzňelikde saklamaga hyzmat edýänligidir.

Şol bir wagtda-da propaganda döwlet ýolbaşçylarynyň açyk gapylar syýasatyny alyp barýandygyny nygtaýar. Emma Türkmenistanda şol “gapylary” çalaja açyp goýýan ýa-da açylmaz ýaly berk ýapýan graždan geýmindäki ýa-da resmi formadaky daýylardygyny hatda çagalar hem bilýärler.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG