Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oş türkmenistanly studentlere garaşýar


Şu ýyl tomus Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki wakalar sebäpli bu şäheri terk etmäge mejbur bolan türkmenistanly studentler Oşa dolanýarlarmy? Şu mesele bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Nazar Hudaýberdi Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki Tehnologik uniwersitetiň rektory, professor Abduwali Toktomatow bilen gysgaça gürrüňdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Hormatly rektor, Oşa türkmenistanly studentleriň hemmesi bardymy?

A.Toktomatow: Ýok, gelenler gaty az. Häzirlikçe resmi maglumat ýok, ýöne gelýänler welin, gaty az.

Azatlyk Radiosy: Siziň Tehnologik uniwersitetiňizde okuwlar başlandymy?

A.Toktomatow: Okuwlar 18-nji oktýabrda başlanýar. Elbetde, gelenler okamak isleýärler, şonuň üçin olar ýol tapyp geldiler.

Azatlyk Radiosy: Köp studentleriň Türkmenistanda galandyklary barada maglumat bar. Şolar barada Oşa baran türkmenistanly studentler näme gürrüň berýärler?

A.Toktomatow: Olar häkimiýetleriň rugsat bermeýändiklerini, ýurtdan çykarmaýandyklaryny gürrüň berýärler. Türkmenistandan özbaşdak çykmagy başaranlar okuwa geldiler.

Azatlyk Radiosy: Şu ýyl siziň Tehnologik uniwersitetiňize Türkmenistandan birinji kursa okuwa girenler barmy?

A.Toktomatow: Ýok. Birinji kursa gelen ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly studentleriň näçerägine Gyrgyzystana barmak başartdy?

A.Toktomatow: 20-30% töweregi geldi. Kollejde okaýanlar geldiler. Ýokary mekdeplerde okaýanlaryň az sanlysy geldi. Olar sessiýany tabşyryp, yzyna gitdiler.

Azatlyk Radiosy: Umuman, Türkmenistanda galan studentleriňize Oşdaky häzirki ýagdaýlar barada näme aýdyp bilersiňiz?

A.Toktomatow: Bu taýda, Oşda, hemme zat kadalaşýar, ýagdaý düzgüne girdi. 10-njy oktýabrda ýurtda parlament saýlawlary geçiriler. Şondan soň, 18-nji oktýabrda okuwlar başlanar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly studentleriň howpsuzlygyny üpjün etmek nähili bolar?

A.Toktomatow: Studentleriň ählisiniň howpsuzlygyny üpjün ederis. Munuň üçin ähli çäreleri gördük. Biz olary umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdireris, nobatçy goýarys. Eger kwartirada ýaşamak isleseler, olara-da gözegçilik ederis. Mugallymlar olar bilen iş alyp bararlar.
XS
SM
MD
LG