Sepleriň elýeterliligi

Ozalky ýyllarda bolsy ýaly, bu ýyl hem ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasyna Türkmenistanyň resmi wekilleri gatnaşmadylar.


Ýöne, ozalky ýyllardan tapawutlylykda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bu konferensiýasyna käbir türkmen aktiwistleri goýberilmedi. 6-njy oktýabrda “Watan” oppozision hereketiniň wekili Annadurdy Hajyýew iki gün dowam eden garşylykdan soň, konferensiýanyň maslahatyna gatnaşdyryldy.

Respublikan oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamowa, sebäbi düşündirilmezden, ÝHHG-niň maslahatlaryna gatnaşmaga rugsat berilmedi.

Çagyryşlara we talaplara sebäp boldy

Iki türkmen aktiwistiniň maslahata goýberilmezligi bilen bagly wakalar ýüze çykan günleri bu konferensiýada Türkmenistana degişli çykyşlar we talaplar hem az bolmady. Hususan-da, ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Ian Kelli öz resmi çykyşynda adam hukuklaryna degişli problemaly ýurtlaryň hatarynda Türkmenistandaky ýagdaýlar barada aýratyn durup geçdi.

Amerikan ilçisi türkmen häkimiýetlerini 2002-nji ýylyň 25-nji noýabr wakalarynyň yzýany tussag edilen adamlar barada maglumat bermäge çagyrdy. Bu adamlara berlen jezalaryň ÝHHG-niň kadalaryna gabat gelmänligini, tussaglaryň türme möhletiniň 5 ýyly geçensoň, olaryň garyndaşlary bilen duşuşmaga bolan hukugyndan hem mahrum edilýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Warşawadaky konferensiýa goýberilmedik türkmen aktiwistlerine öz goldawyny mälim eden ABŞ-nyň ÝHHG-niň Warşawa konferensiýasyndaky resmi toparynyň baştutany, ilçi Maýkl Gest şu gün Azatlyk Radiosyna beren interwiýusynda türkmen aktiwistleriniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çärelerine goýberilmezliginiň köp soraglary döredengini aýtdy. Sebäbi, onuň pikiriçe, ÝHHG-niň düzgünlerine görä, adam diňe kanun esasynda terrorçylykda ýa-da beýleki agyr jenaýatçylyklarda esasly aýyplanan halatynda, ol şeýle maslahatlara goýberilmän bilner. Emma bu gezek maslahatlara goýberilmedik şahslar, amerikan resmisiniň bellemegine görä, ÝHHG-niň çärelerine 6-7 ýyl bäri gatnaşyp gelýän aktiwistler.

Alada döredýän ýagdaýlar…

ÝHHG-niň Warşawadaky konferensiýasyna bu sapar gatnaşmakdan saklanan “Türkmen insiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin syýasy we graždan aktiwistlerini goýbermezlik çagyryşynyň türkmen häkimiýetleri tarapyndan ozalky ýyllarda hem edilenligini, ýöne munuň ozal türkmen akwistleriniň ÝHHG-niň maslahatlaryna gatnaşmagyna päsgel bermänligini belledi.

Farid Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, ozalky ýyllarda maslahatlaryň öňüsyrasynda ýewropa döwletleriniň käbir wekilleri türkmen aktiwstleri bilen ýörite gepleşik geçirip, türkmen hökümetini ýiti tankyt etmezlige ündemek bilen çäklenen bolsalar, bu gezek olar Türkmenistanyň talaby boýunça käbir türkmen aktiwistleriniň ÝHHG-niň maslahatlaryna goýberilmejegini öňünden duýdurypdyrlar.

Eýsem, demokratiýany we ynsan hukuklaryny berjaý etmäge ündemek wezipesini ýerine ýetirmäge borçly ÝHHG-niň öz maslahatlaryna türkmen akwistileriniň gatnaşmagyna rugsat bermezligi nämäniň alamaty? F.Tuhbatullin muňa guramanyň Türkmenistan bilen soňky döwürde ösýän gatnaşyklaryna zeper ýetirmezlik maksady bilen edýän işi, ÝHHG-niň türkmen häkimiýetleriniň islegine tabyn bolmagynyň alamaty diýip düşünýär.

"Ýüzüni açýar"

ÝHHG-niň Warşawadaky konferensiýasynda amerikan delegasiýasyna baştutanlyk eden ilçi Maýkl Gestiň öž çykyşlarynda bellemegine görä, ÝHHG-niň konferensiýasyna graždan jemgyýetiniň aktiwistleriniň goýberilmänligi guramanyň abraýyna zeper ýetirýär.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikirine görä, Warşawadaky wakalar halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny yzygiderli yglan edýän türkmen häkimiýetleriniň hakyky ýüzüni açýar. Bu waka Türkmenistanyň häkimiýetleriniň öz agyr problemalarynyň açyk gozgalmagyny we halkara derejesinde öz adyna tankytlaryň edilmegini islemeýänligini ýene bir gezek subut etdi.

Adam hukuklaryny gorayjy Human Rights Watch guramasynyň wekili Reýçel Denber türkmen aktiwstleriniň konferensiýa goýberilmezligi bilen bagly wakanyň erbet tejribe döredýänligini bellemek bilen, munuň ÝHHG-niň maslahatlaryna beýleki graždan aktiwistleriniň hem gatnaşmagyna päsgelçiligiň döredilmegine ýol açyp biljekliginden howatyrlanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG