Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň sufi mawzoleýinde bolan partlamada 7 adam öldi


Şu gün Päkistanyň günortasyndaky Karaçi şäherinde ýerleşýän sufi mawzoleýinde bolan iki sany partlamada azyndan ýedi adam ölüp, onlarça adam ýaradar boldy.

Ýerli polisiýa edarasynyň resmisi Jam Tarik partlamalaryň Arap deňziniň kenaryna golaý Abdulla Şah Gazy mawzoleýinde bolandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk resmileri tapylan iki kelleden çen tutup, munuň janyndan geçen bombaçylaryň işi bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG