Sepleriň elýeterliligi

Orsýetliler žurnalist Politkowskaýany ýatladylar


Şu gün orsýetli žurnalist Anna Politkowskaýanyň öldürilenine dört ýyl boldy.

Şol wagtky prezident Wladimir Putiniň tankytçysy bolan Politkowskaýa Moskwadaky kwartirasynyň girelgesinde 2006-njy ýylda atylyp öldürilipdi.

Orsýetiň Baş prokuraturasy ony öldürenlikde güman edilýän Rustam Mahmudy tapmak üçin Interpol bilen bilelikde tutuş dünýäde gözleg-agtaryş işini alyp barýandyklaryny aýdýar.

Rus oppozisiýa lideri Boris Nemsow şu gün Moskwada Anna Politkowskaýanyň ýatlama üýşmeleňinde Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: «Häkimiýetler azat metbugaty ýigrenýärler. Men olaryň Politkowskaýanyň ölümini buýranlary tapjagyna ynanmaýaryn. Olar Politkowskaýany öz duşmanlary hasaplaýardylar».
XS
SM
MD
LG