Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Peruwly ýazyjy Mario Lloza Nobel baýragyny aldy


Şu gün peruwly ýazyjy Mario Wargas Lloza edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Şwed akademiýasy 74 ýaşly ýazyja bu baýragyň «häkimiýet gurluşlary babatdaky kartografiýasy, şeýle hem göreşiji şahsyýetleriň, pitnäniň hem-de ýeňlişiň aýdyň obrazlaryny janlandyrandygy üçin berlendigini» aýtdy.

Mario Wargas Lloza «Ahyrzmandaky uruş», «Julia daýza we kinossenariýaçy», «Kasedraldaky söhbet» atly giňden terjime edilen romanlaryň awtorydyr.

Ol 1990-njy ýylda Peruwda prezident saýlawlarynda bäsleşige çykypdy we Alberto Fujimoriden ýeňlipdi.
XS
SM
MD
LG