Sepleriň elýeterliligi

Ykdysadtçylar halkara walýutalary barada pikir alşarlar


Şu gün Halkara Walýuta Fondunyň we Bütindünýä Bankynyň Waşingtonda başlanjak maslahatynda halkara walýutalarynyň arasynda bolaýmagy mümkin bäsleşikler barada pikir alyşylmagyna garaşylýar.

Bolaýmagynyň mümkindigi aýdylýan bu dartgynlylyk baradaky alada Halkara Walýuta Fondunyň ýolbaşçysy Domonik Strauss Kahn tarapyndan mälim edildi.

Ol Fransiýanyň “Le Monde” gazetine beren interwýusynda “Bu dartgynlylygyň sebäbi Hytaýyň milli pulunyň hümmetsizligidir. Bu bolsa ýagdaýy ykdysadyýete howp abandyryp biljek tapgyra ýetip barýar” diýdi.

Bütindünýä Bankynyň prezidenti Robert Zellak hem bu barada eden çykyşynda döwletleri eksportlaryny artdyrmak üçin milli pulunyň hümmetini peseltmezlige çagyryp, bu usuldan halkara ykdysadyýetine peýdanyň ýokdugyny öňe sürdi.

Ýewropa Bileleşigi bilen ABŞ Hytaýy öz eksportyny artdyrmak üçin milli puly bolan ýuwanyň hümmetini pesde saklaýanlykda aýplaýarlar.
XS
SM
MD
LG