Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: «Aşgabat öz oýnuny oýnaýar»


Halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda Türkmenistan adam hukuklaryny gödek bozýan ýurtlaryň biri hökmünde yzygider tankyt edilip gelinýär. Emma resmi Aşgabat bu tankydy ýa eşitmezlige salýar, ýa-da inkär edýär.


«Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin
Ýerli synçylaryň köpüsi bu ýagdaýdan çykalgany günbatar ýurtlarynyň adam hukuklary babatdaky berk pozisiýasynda görýär. Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Ýowşan Annagurban şu ugurdaky soňky ýagdaýlar bilen baglylykda «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Amerikan prezidenti Barak Obama 23-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda "graždan jemgyyýeti biziň jemgyýetlerimiziň wyždany" diýdi. Şeyle-de, ol "Biz pikir-garaýyşlary basyp saklaýanlaryň adyny aýdarys we sessizleriň sesi bolup hyzmat ederis" diýdi. Siziň pikiriňizçe, amerikan prezidentiniň BMG-niň tribunasyndan adam hukuklary babatda aýdan berk sözleri Merkezi Aziyadaky awtoritar režimlere duýduryş bolup bilermi?

Farid Tuhbatullin: Elbetde, biz şeýle umytda we bu eýýäm nähilidir bir görnüşde öz netijelerini bermäge-de başlady diýip biljek. Sebäbi bu ýerde belli bir mümkinçlikler we belli bir derejede ýetilen maksatlar hem bar. Onsoň, demokratiýanyň sütüni hökmünde her näme diýseler-de, Amerikanyň basyşy biziň işimizde oňyn bir pursat bolup durýar. Yagny, biz üçin öz gözegçiliklerimiziň netijelerini, öz hasabatlarymyzy eltip görkezere ýer bar.

Has anygy, biz öz toplan maglumatlarymyzy hem amerikan hökümetine, hem amerikan Kongresine, hem beýleki guramalara berýäris. Olar hem diplomatiki ýollar arkaly bize hakykatdanam kömek etmäge çalyşýarlar. Has dogrusy, bize däl, olar Türkmenistanda ejir çekýän adamlara kömek etmäge çalyşýarlar.

Munuň soňky mysaly hökmünde tutuş bir ýyllap okamaga goýberilmedik studentler bilen bagly ýagdaýy agzamak mümkin. Elbetde, häzir bu mesele çözüldi, ýöne men ol meseläniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylarynyň kömegi bilen çözülenini bilýärin.

Azatlyk Radiosy: Ozallar Günbatar ýurtlary adam hukuklary babatda Türkmenistany tankyt etse, ol Hytaýa we Eýrana has yakynlaşar diýen pikirler bardy. Emma Türkmenistan tankyt edilse-edilmese, ol Eýrana we Hytaýa has ýakyn durýan ýaly görünýär. Şol bir wagtda, Günbataryň biznes bähbitleri adam hukuklaryndan we azatlyklaryndan ýokarda duran bolaýmasyn diýen sorag hem bar. Siziň pikiriňizçe, bu ýerde ideal ortalygy nädip tapyp bolar?

Farid Tuhbatullin: Birleşen Ştatlar hakykat ýüzünde tutuş dünýäde saldamly rol oýnaýar we olaryň sözi Günbatar Ýewropada hem örän agramly bolup durýar. Emma demokratik ýurtlaryň öz maksatlary hem bar. Aýdaly, Türkmenistanyň häzir Eýran we Hytaý bilen hyzmatdaşlygy has ileri tutmagy ýewropa ýurtlaryny gaty biynjalyk edýär. Sebäbi olara hem energiýa serişdeleri gerek, hem türkmen häkimiýetleri bilen iş gatnaşyklaryny giňeltmek gerek.

Onsoň, meniň pikirimçe, günbatar döwletleriniň býurokratiki gurluşlary entek özleri üçin nämäniň has möhümdigini kesgitläp bilenoklar. Ýagny, olar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň talap edýän demokratiýa we adam hukuklary meselesini bijebaşy etjeklerini hem, häzirki gündelik bähbitlerden ugur alyp, öz ilatlarynyň Türkmenistandan we Türkmenistan ýaly ýurtlardan alyp biljek gaz we beýleki zerurluklaryny üpjün etjeklerini hem bilenoklar.

Bu ýagdaý indi esli ýyl bäri dowam edip gelýär. Elbetde, Günbatarda Türkmenistana täsir etmegiň haýsam bolsa bir çynlakaý guraly ýok, şol bir wagtda Günbataryň kompaniýalarynyň köpüsi Türkmenistan bilen türkmen häkimiýetleriniň teklip edişinden has açyk, has aýdyň gatnaşyk gurmak isleýärler. Ýöne Türkmenistandaky häzirki eden-etdilikler, haýsydyr bir girdejileri ýygşyrmak, haýsydyr bir girdejini bolsa mazamlamak praktikasy bilen doly razylaşýan kompaniýalar hem bar.

Bu hili ýagdaýlarda biznes kompaniýalary belli bir töwekgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ýöne olar şol bir wagtda ýeterlik derejede uly pul hem gazanyp bilýärler. Onsoň Türkmenistan we biziň goňşy ýurtlarymyzyň döwletleri bu pursatdan peýdalanyp, öz oýunlaryny oýnaýarlar, özem olar bu oýny ýeterlik derejede üstünlikli, ýagny öz syýasatlarynda tas hiç zady üýtgetmän oýnaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň Amerikadan gelip, Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 yyllygy mynasybetli eden ýüzlenmesinde "töhmetçiler, jemgyýeti bulajak bolyanlar" we olara garşy barlyşyksyz göreş hakynda aýdanlaryna siz nähili garaýarsyňyz?

Farid Tuhbatullin: Hawa, ol Birleşen Ştatlardan dolanyp gelenden soň, hakykatdanam, şeýle sözleri aýtdy. Meniň pikirimçe, bu biziň başda eden gürrüňimize degişli. Her näçe gynansak-da, Türkmenistandaky adam hukuklarynyň gödek hem köpçülikleýin bozulyşy barada BMG-ä we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalaryna, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylaryna hasabat berýän guramalar köp däl. Günbatar ýurtlary bolsa Türkmenistan barada diňe şol hasabatlar esasynda çynlakaý kararlary kabul edýärler we türkmeň häkimiýetlerinden adam hukuklary babatda alan borçlaryny ýerine ýetirmegi soraýarlar.

Emma indi türkmen prezidenti ýörite gulluklaryň öňünde şol adam hukuklaryny goraýan az sanly guramalary işletmezlik hakynda wezipe goýýar. Prezident ol guramalary “töhmetçi” diyip atlandyrýar. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda hemme zat gül ýaly, emma hakykaty garalap görkezýän birnäçe adam barmyş we olar dogry däl-de, ýoýulan faktlary ýaýradýarmyş.

Hut şu ýagdaýyň özem problema bolup durýar. Sebäbi Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulma faktlary gaty kän, olar köpçülikleýin häsiýete eýe. Ýöne, gynansak-da, ilatyň aglaba köplügi bu ýagdaý bilen ylalaşýar we dymýar. Onsoň Türkmenistandaky ilatyň hakyky ýagdaýy barada aýtmaga-diýmäge synanýan gurama hakykatdan hem birküç sany bolup galýar.

Eger bizde köp maglumat bolsady we köp adamlar bize ýa-da beýleki halkara guramalaryna arz etsediler ya teklip ibersediler, şonda bu biziň işimizi birneme ýeňlederdi we taýýarlaýan hasabatlarymyza hem has köp agram bererdi. Şonda prezident hem “töhmetçiler” hakynda gürrüň edip durmazdy. Sebäbi bu ýagdaý köpçülikleýin häsiýete eýe bolsa, ol meseleleri ýaşyrjak bolmaga däl-de, olar boýunça degişli çäre görmäge, hakykatdanam olary çözmäge mejbur bolardy. Onsoň bu ahyrky netijede türkmen halkynyň durmuş-ýaşaýşyna-da gowy täsir ederdi.

Azatlyk Radiosy: Siz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Warşawadaky ýyllyk maslahaty hem-de oňa türkmen dissidentlerini gatnaşdyrmajak bolnup edilen synanyşyklar barada näme pikir edýärsiňz?

Farid Tuhbatullin: Munuň özi halkara jemgyýetçiliginiň problemany, öz sözlerinde aýtsak, türkmen häkimiýetleri bilen dialog, gepleşik arkaly çözjek bolşunyň iň täze hem janly mysaly. Ýagny, halkara jemgyýetçiligi bir tarapdan türkmen häkimiýetleriniň tankyda gulak asmagyny we ýurt içindäki syýasatlaryny üýtgetmeklerini isleýärler, beýleki tarapdan bolsa olar türkmen häkimiýetleri bilen aralaryny bozmak islemeýärler we şeýle heýerket etmäge mejbur bolýarlar.

Biz bu ýagdaý barada öz beýleki ýurtlardaky kärdeşlerimiz, diplomatlar, hususan-da, Birleşen Ştatlaryň, Norwegiýanyň, Kanadynyň wekilleri (Men bu ýurtlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky wekillerini nazarda tutýaryn - F.T.) bilen hem pikir alyşdyk. Olar ÝHHG-niň bu kararyny akyla sygdyryp bilmeýärler. Onsoň olar bu hili zadyň gaýtalanmazlygy üçin hem Türkmenistanyň öňünde, hem ÝHHG-niň häzirki ýolbaşçylarynyň öňünde öz talaplaryny goýýarlar.

Emma edil häzir şeýle problema hakykatdanam bar, yagny, ÝHHG başga pikirliler bilen däl-de, totalitar bolsa-da, demokratik bolmadyk häkimiýetler bilen iş salyşmagy köplenç dogry tapýar.
XS
SM
MD
LG