Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanlylar henizem kyn ýagdaýda


Päkistanda ýüze çykan sil heläkçiliginde çykgynsyz ýagdaýa üçranlaryň arasynda tanymal şahsyýetler hem kän. Şolardan birem aýdymçy Zar Sanga.


Puştun halk aýdymlarynyň şasy diýlip tanalýan Zar Sanga Päkistanyň radiostansiýalaryndan yzygiderli efire berilýän aýdymçylardan biri.

Ol öz sungatynyny bütin dünýäde, şol sanda Amerikada, Ýewropada we Ýakyn Gündogarda görkezip bilen aýdymçy. Emma häzirki wagt 64 ýaşyndaky bu meşhur aýdymçy Päkistanyň Haýbar Pahtunhuwa welaýatynda ýerleşýän Azahel obasynda ýoluň gyrasyna dikilen bir çadyrda ýaşaýar...

Päkistanda ýakynda bolan sil heläkçiliginden soňra beýleki millionlarça adamlar ýaly Zar Sanga hem öýi weýran bolanlygy üçin, başyny sokmara başga ýer tapman, ýardamçy guramalar tarapyndan hödürlenen çadyrlarda ýaşamaga mejbur bolýar.

Zar Sanganyň obasy sil gelmezinden öňinçä talybanlardan halas edilip, şol ýerde hökümet tarapyndan ýakynda gurluşyk işlerine başlanypdy. Emma obanyň häzirki wagt ýüzbe-ýüz bolan problemalary ilatyň barha garyplaşmagyna sebäp bolup, ol hem öz nobatynda söweşijilere şol ýagdaýdan peýdalanmaga pursat döredýär.

Adamlar çykgynsyz ýagdaýda

Hökümetiň berýän kömeginiň gaty çäklidgi aýdylýan häzirki döwürde Zar Sanga özüniň we etrabynyň has köp goraga we maliýe kömegine mätäçdigini aýdýar: “Men näme etmeli? Maňa hiç kim iýmek üçin bir döwüm çörek ýa bir agyz tüwi bermez, men biçäre. Men öýsüz we hiç kim meni bu ýagdaýdan halas etmäge gelenok. Men şu taýda ýaşaýaryn. Menem şu ýurduň raýaty, meniň hem kömek almaga hukugym bar”.

Päkistanda ýakynda emele gelen sil heläkçiligi ullakan betbagtçylyga öwrülip, bu azyndan 14 million ilatyň ýaşaýşyna ýaramaz täsirini ýetirdi. Şol adamlardan 12 million töweregi bolsa Zar Sanganyň ýaşaýan Haýbar Pahtunhowa welaýatynyň ýaşaýjylarydyr.

Şol silde Zar Sanganyň tutuş obasyny suw alyp, obanyň käbir ýerleri henizem suwuň astynda, halkyň gumanitar ýardamlar bilen üpjünçiligi bolsa gaty çäkli. Diňe Haýbar Pahtunhowa welaýatynda weýran bolan öýleriň sany 650 müň bolup, bu betbagtçylygyň galdyran täsiriniň-de welaýatda dürli keselleriň döremek howpuny artdyrýanlygy aýdylýar.

Käbir ýardamlar söz berilýär

Tanymal aýdymçy Zar Sanganyň ykbaly baradaky habarlaryň Haýbar Pahtunhowa welaýatynyň hökümetine ýetmeginiň yzy bilen, bu welaýatyň medeniýet ministri Saýet Akil Şahyň onuň obasyna ýörite sapar edip, Zar Sanganyň az hem bolsa hökümet tarapyndan döredijilere tölenýän stipendiýasyny gaýtadan dikeltmage söz berdi.

“Men onuň stipendiýasyny dikelderin we öz departamentim tarapyndan onuň öýüni gaýtadan gurmak üçin öňa kömek ederin. Biziň edip biläýjek işimiz diňe şu” diýip, päkistanly ministr aýtdy. Welaýatyň ministry Saýet Akil Şah aýdymçy Zar Sanga 3.5 müň amerikan dollaryna barabar nagt pul hem berdi.

Emma bü welaýatdaky millionlarca beyleki yasaýjylara berilýän kömekler, umumy alnanda, örän çäkli. Sil suwunyň drejesiniň indi birneme peselmegi bilen, suwuň astyndaky transport ýollary hem ýuwaş-ýuwaşdan açylyp başlady. Ýöne öýleri gaýtadan gurmak işleri welin heniz ýola goýluberenok.

Düýn Haýbar Pahtunhowa welaýatynyň hökümetiniň baş ministri Amir Haýdar Han Hoti silden ejir çeken maşgalalardan 150 müňe golaýyna ýardam bermekligi göz öňünde tutýan täze çäreleriň ýola goýlandygyny we kömek üçin ozaldan paýlanan kartoçkasy bolanlara, maşgala başyna 234 amerikan dollaryna barabar maliýe ýardamynyň beriljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG