Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Maýkl Gest: «Meseleler wagtyndan has giç çözülýär»


Şu gün Warşawada tamamlanan ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasy bu gezek käbir dawalar bilen alamatlandy. Şolardan birem iki sany türkmen aktiwistiniň bu maslahata gatnaşmaklaryna päsgel berilmegi bilen bagly ýüze çykdy.

Bu ýagdaýy ýiti tankytlap çykyş eden diplomatlardan biri ABŞ-nyň Warşawa konferensiýasyna baran resmi toparynyň başlygy, ilçi Maýkl Gest boldy. Azatlyk Radiosy Maýkl Gest bilen şu waka boýunça ýörite söhbetdeş boldy.

ABŞ-nyň Warşawa konferensiýasyna baran resmi toparynyň başlygy, ilçi Maýkl Gest.
Azatlyk Radiosy: ÝHHG-nyň Adam ölçegleri boýunça Warşawada geçen konferensiýasyna türkmen aktiwistlerinden biriniň gatnaşdyrylmagyny nädip gazandyňyz?


Maýkl Gest: Biz hökümete degişli däl iki guramanyň konferensiýa gatnaşmak barada arzasyna jogap berilmändigini öwrenenimizden soňra, bu meselä goşulmaly bolduk. ABŞ-nyñ wekilleri bilen bir hatarda Ýewropa Bileleşigi, Norwegiýa, Kanada, Şweýsariýa we başga-da birnäçe döwlet bu meseläniň çözülmegini gozgadylar.

ÝHHG-niň düzgünnamasyna görä, diňe bir maddanyň esasynda hökümete degişli däl guramalaryň agzalaryna ýygnaga gatnaşmaga rugsat berilmän bilinýär. Bu madda görä, arza beren guramanyň ya-da onuň agzasynyň terrorcylykly wakalara ýa-da kanuny bozujy hereketlere gatnaşygynyň bolmagy onuň ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşmazlygyna sebäp bolup biler.

Häzirki ýagdaýda, türkmenistanly hökümete degişli däl guramalaryň bu agzalary ençeme ýyllaryň dowamynda ÝHHG-niň konferensiýasyna päsgelçiliksiz gatnaşyp gelýärler. Türkmenistanyň hökümeti hem her ýyl olaryň bu ýygnaklara gatnaşmagyna garşy çykyp gelýär.

Azatlyk Radiosy: Bize gowşan habarlara görä, Türkmenistanyň hökümeti iki aktiwistiň ÝHHG-niň konferensiýasyna goýberilmezligini sorap, bu gurama häzir ýolbaşçylyk edýän Gazagystana haýyşnama ugradypdyr. Siz şol haýyşnamany gördüňizmi? Eger gören bolsaňyz, onda başga-da gadagan edilen adamlaryň ady barmy?

Maýkl Gest: Ýok, men ol haýyşnamany görmedim. Ýöne, meniň delegasiýamyň käbir wekilleriniň bu haýyşnamany görendigini anyk bilýärin. Ol ýerde belli adamlaryň atlary bolup biler. Ýöne, bu barada anyk jogap berip biljek däl.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, şeýle wakanyň ÝHHG-de döremeginiň sebäbi näme bolmagy mümkin ?

Maýkl Gest: Hökman belläp geçmeli bir ýagdaý bar. Şu ýyl ÝHHG-niň edarasyna täze bir döwletiň ýolbaşçylyk edýändigi sebäpli, täze çylşyrymly ýagdaýlar hem döreýär we meseleler wagtyndan has giç çözülýär.

Türkmenistanyň hökümeti öz haýyşnamasynda hiç hili taze fakt goşmandyr. Şol sebäpli, bu mesele häzirkisinden has tiz çözülmelidi.

Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistleriniň bu konferensiýa goýberilmezligine häzir hut Gazagystanyň bu gurma ýolbaşçylyk edýändigi täsir edendir diyip pikir etmek mümkinmi?

Maýkl Gest: Şu ýyl Gazagystan ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýär we ýolbaşçylyk edýän tarap ÝHHG-niň düzgünnamasyndaky hukuklaryň doly ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli.

Meniň pikirimçe, ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýän tarap plenar maslahatlaryň barşynda bu meseläni guramanyň Baş sekretarynyň garamagyna we çözmegine geçirdi. Emma, her nähili bolanlygynda-da, ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýän tarap bu ýagdaýa biperwaý bolup bilmeli däl.

Biz şeýle ýagdaýlaryň ÝHHG-niň bu konferensiýasynyň indiki tapgyrynyň geçýän ýeri Wenada we ahyrkysynyň geçýän ýeri Astanada gaýtalanmagynyň öňüni almak ugrunda alada ederis.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan döwleti köplenç ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça geçirýän ýygnaklaryna gatnaşmaýar. Siz bu ýagdaýa nähili garaýarsyňyz?

Maýkl Gest: Türkmenistanyň delegasiýasynyň bu konferensiýa gatnaşmaýandygy örän gynandyrjy. Meniň pikirimce, dürli döwletleriň wekilleri bolup pikir alyşmak mümkinçiliklerini tapmak möhüm hasaplanylýar.

Türkmen hökümetiniň ÝHHG-ä meýletin gosulmagy, şol sanda 1991-nji ýylda Moskwada gol goýan ylalaşygyna görä, adam hukuklary baradaky meselelere seredilmegi ýurduň içerki syýasatyna goşulmak hökmünde kabul edilmeli däl.

Bu mesele hemmämiziň bilelikdaki aladamyz bolup durýar we hemmeleriň howpsuzlygyny goramaklygy aňladýar. Türkmenistanyň häzirki yygnaga özüniň gatnaşmazlygy hem-de iki aktiwistiň oňa gatnaşmagyna päsgelçilik döretmegi geň galdyryjy yagday.

Biz Türkmenistan öz garaýşyny üýtgeder diýip umyt edýäris. Şol bir wagtyň özünde-de, biz ÝHHG-niň ýygnaklaryna hökümete degisli bolmadyk guramalaryň gatnaşmak düzgünleriniň berjay edilmegini-de gaty möhüm hasaplaýaris we bu ugurda hereketlerimizi dowam etdireris.

Azatlyk Radiosy: Jenap ilçi, Azatlyk Radiosynyň diňleyjilerinden bize köplenç ÝHHG-niň Türkmenistanda jemgyýetçilik, halk köpçüligi bilen işleşmekde ýeterlik iş geçirmeýändigi barada şikaýatlar gelip gowuşýar. Adam hukuklaryny goramaklygy maksat edinýän bu edaranyň gowşaklygy aýdylýar. Siz şu barada näme aýdyp bilersiňiz?

Maýkl Gest: Bu meselede men optimist, sebabi wagt üýtgeýär, adamlar hem üýtgeýärler, ýaş nesil hem üýtgeýär. Men gepleşikleriň üsti bilen, pikir alşyp, öz borçlaryny doly ýerine ýetirmeýän köp döwletlerde gowy netijeleri gazanyp bolar diýen umytda.
XS
SM
MD
LG