Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Amerika bilen uly söwda ylalaşygyna gol goýdy


Düýn Ysraýyl F-35 kysymly söweş uçarlarynyň 20 çemesini ABŞ-dan satyn almak barada Amerika bilen ylalaşyga gol goýdy.

Bu söwdanyň bahasy 3 milliard çemesi amerikan dollaryna deň. Şol söweş uçarlarynyň bahasy we uçarlary öndürmäge Ysraýylyň gatnaşmagyndaky paýy barasynda birnäçe ýyllap geçirilen gepleşikleriň netijesinde bu ylalaşyga gol goýuldy.

Ysraýylyň Amerikadaky ilçisiniň aýtmagyna görä, satyn alynjak harby tehnika Ysraýylyň goranyş ukybyny pugtalandyrar we Ysraýylyň güýçlerine islendik ýurtdan abanjak howplardan üstün çykmaga mümkinçilik berer.
XS
SM
MD
LG