Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýly syýasy aktiwist Nobel baýragyna mynasyp boldy


Düýn Hytaýda tussaglykda saklanýan syýasy aktiwist Liu Ksiaobo 2010-njy ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi.

Norwegiýanyň Nobel komitetiniň prezidenti Turbiorn Ýagland hytaýly aktiwistiň howplara garamazdan adam hukuklary ugrunda göreşendigini aýtdy.

54 ýaşyndaky syýasy aktiwist Liu Hytaýda erkin saýlawlar, pikir we din azatlygy ugrunda alyp baran işleri üçin 2009-njy ýylyň dekabrynda Hytaýyň sudy tarapyndan 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Hytaýyň hökümeti Nobel baýragyny Liue bermek baradaky karardan özüniň nägiledigini bildiripdi.

Şu ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi 237 sany dalaşgäriň içinden saýlandy. Nobel baýragynyň eýesine 1.49 million dollar möçberinde pul baýragy beriler.

Nobel baýragyny gowşurmak dabarasy 10-njy dekabrda Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde bolar.

Liu Xiaobonyň ýerine Nobel baýragynyň kime gowşuryljakdygy entek kesgitlenilmedi.
XS
SM
MD
LG