Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan möhüm wakanyň bosagasynda


Oş şäheriniň köçelerinden birinde asylan saýlaw plakatlary. Oş, 8-nji oktýabr, 2010.

Oş şäheriniň köçelerinden birinde asylan saýlaw plakatlary. Oş, 8-nji oktýabr, 2010.

Çet bir ýurduň ykbaly barada gürrüň etmek bir başga, ýataňda-turaňda akyl-huşuňdan çykmaýan dogduk ýurduň alada-gaýgysyny etmegem bir başga.


Meniň watanym Gyrgyzystan jülgeler bilen gurşalan beýik daglardan ybarat kiçijik ýurt. Bu ýurtda iýun aýynda nämeleriň bolanyny dünýäniň köp bölegi bilýär. Ýöne köne ýaralary, ýurduň syýasy howasyny özgertmek arkaly, häzirki ýüregagyryny bejermek üçin edilýän tagallalary gaty az adam bilýär. 10-njy oktýabrda Gyrgyzystan parlament saýlawlaryny geçirer we bu çäre şol tagallalaryň esasy bölegi bolar.

Golaýda bolan zorlukly wakalara garamazdan, gyrgyzlaryň aglabasy bu saýlawlardan köp zada garaşýar. Ýurdy prezident dolandyryşyndan parlament respublikasy görnüşindäki dolandyryşa geçirmek üçin Gyrgyzystanyň halky 27-nji iýunda geçirilen referendumda täze konstitusiýany tassyklady.

Adamlar awtoritar prezident sistemasyndan we onuň döredýän korrupsiýasyndan bizar bolandyklaryny aýdýarlar.

Prezident sistemasynyň kynçylygy

Elbetde, prezident respublikasy görnüşindäki dolandyryşyň özünde hiç hili ýalňyşlyk ýok, bu sistema dünýäniň käbir ýurtlarynda gül ýaly işläp dur. Ýöne ol postsowet giňişliginde özüniň ýaramaz taraplaryny görkezme kemini goýmady. Bu ýerde prezident respublikalary, adatça, iň ýokary häkimiýete eýe bolan awtoritar dolandyryjylara perde bolýar.

Bu ýagdaýda olardan ne hasabat sorap bolýar, ne-de olaryň işini barlap bolýar. Saýlawlar bolsa hem galplaşdyrylýar, hem belli bir ugra gönükdirilýär. Netijede raýatlar hem umydyny, hem ynamyny ýitirýärler. Häkimiýeti her edip-hesip edip elde saklajak bolup we administratiw resurslary eden-etdilikli ulanyp, sowet mirasynyň üstünde hakyky prezident respublikasyny gurmak mümkin däl.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen premýer-ministri Wladimir Putiniň Gyrgyzystanyň parlament sistemasyna tarap ugur almasyny tankytlamagy ýöne ýerden däl. Olar güýçli prezidentligiň durnuklylyk üçin möhümdigini, şol durnuklylyk esasynda-da täze demokratik döwletiň düýbüni tutup boljagyny aýdýarlar.

Ýöne olaryň goldaýan döwlet gurluşynda ýokardan aşak basyş edilýär we bu gurluşyga graždan jemgyýetiniň, ýönekeý adamlaryň gatnaşygy gaty çäkli.

Gyrgyzlar näme isleýärler?

Gyrgyzystan babatda aýdylanda, gyrakladylan awtoritar prezidentler Askar Akaýewiň we Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlary olaryň demokratik sistemany döretmek üçin güýçli prezidentligi döredendiklerini öňe sürüp bilerler. Emma beýle deliller garyp düşen we sabyr-takatyny ýitiren gyrgyz ilatynyň arasynda kän goldaw tapmaýar.

Ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan raýatlaryň esasy köpçüligi 10-njy oktýabrda boljak parlament saýlawlaryna özleriniň iýun referendumynda ses beren demokratik özgerişligini getirjek möhüm ädim hökmünde garaýarlar.

Ýetip gelýän parlament saýlawlary postsowet Gyrgyzystanyndaky ýene bir möhüm özgerişligiň amala aşyrylmagyna itergi berer: saýlanjak deputatlaryň azyndan 30 protsenti aýallar bolar. 2005-nji ýylda bolan dawaly saýlawlarda bir aýalam 2005-2007-nji ýyllaryň parlamentine agza bolup bilmändi.

Aprel wakalaryndan soň häkimiýete gelen we iýundaky referendum arkaly prezident saýlanan Roza Otunbaýewa öz geçiş hökümetiniň döwlet-administratiw serişdelerini hiç bir syýasy partiýanyň öz bähbidine ulanmagyna ýol bermejegini gaýta-gaýta aýtdy.

Eger geçiş hökümetinde haýsam bolsa diňe bir partiýa agalyk edýän bolanlygynda, bu hili wadalara ynanmasa-da bolardy. Emma geçiş hökümeti turuwbaşdan birnäçe basdaş partiýalaryň we syýasy toparlaryň gatnaşmagynda döredildi.

Meniň çenime görä, Gyrgyzystanda köppartiýaly sistema geçmek eýýäm başlandy. Gyrgyz halky 10-njy oktýabrdaky saýlawlara hakyky özgerişligiň geljegi baradaky umyt bilen garaýar.

Tynçtykbek Çoroýew Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň žurnalisti. Bu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG