Sepleriň elýeterliligi

Täze wise-premýer bellenildi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça orunbasary Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilow

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça orunbasary Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilow

Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 9 aýynda ýurtda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Mejlisiň başynda döwlet baştutany Türkmenistanda ylmy ösdürmek boýunça alnyp barylýan tagallalaryň ýeterlik däldigini aýtdy. Hususan-da ol ýurtda ylmy-barlaglary geçirýän pudaklaýyn institutlaryň, ylym-bilim bilen meşgullanýan ýokary okuw mekdepleriniň ählisiniň biri-birinden üzňe işleýändiklerini öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça orunbasary wezipesini girizýändigini mälim etdi.

Täze döredilen bu wezipä Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Gurbanmyrat Amangulyýewiç Mezilowy belledi.

Täze bellenilen wise-premýeriň wezipe borjy ýurtda düýpli we tejribe ylmy-barlaglaryň işlerini alyp barmakdan, olaryň täze ugurlaryny ösdürmekden, alnyp barylýan ähli ylmy işlere ýolbaşçylyk etmek we olary utgaşdyrmakdan ybarat bolar.

Ylym, täze tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça özüne täze orunbasary bellese-de, Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň bilim we saglygy goraýyş ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary Hydyr Saparlyýewiň elinden ygtyýarlyklarynyň birini-de almady we ulgamyň işlerini öňküsi ýaly alyp barmagyna oňa rugsat berdi.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Muhammetmyrat Şamuhammedow
Mejlisde Berdimuhamedow ýurtda ylmyň ösdürilmegi üçin goýulýan maýa goýumlarynyň möçberini ýakyn wagtda ep-esli atrdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol wise-premýerler Japarow bilen Saparlyýewe Maliýe institutyny we Maliýe ykdysady orta hünär mekdebini döretmek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Bu institut ýurda maliýe, bank, salgyt gullugynyň işgärlerini, ätiýaçlandyryş işi boýunça hünärmenleri, maliýe we bank ulgamynda beýleki ugurlar boýunça işlejek ýokary we orta hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik bermelidir diýip prezident belledi.

Mejlisiň dowamynda Berdimuhamedow ýolbaşçylary wezipä belläp-goýmak meseleleriniň hem birnäçesine garap geçdi. Prezidentiň permany bilen Muhammetmyrat Şamuhammedow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine, Serdar Berkeliýew Awtomobil ulaglary ministri wezipesine, Döwlet Mommaýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi edilip bellenildi.

Prezidentiň permanlary bilen işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Gurbanmyrat Hangulyýew Awtomobil ulaglary ministri wezipesinden, Nury Muhammedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG