Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edebiýat boýunça Nobel baýragy Llosa berildi


Latyn Amerikasynyň meşhur ýazyjysy Mario Wargas Llosa
Latyn Amerikasynyň meşhur ýazyjysy Mario Wargas Llosa

2010-njy ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy Latyn Amerikasynyň meşhur ýazyjysy Mario Wargas Llosa berildi.

Ýazyjynyň 30-dan gowrak romanlarynda, makaladyr drama eserlerinde zulum-sütem we Latyn Amerikasynyň gowgaly taryhy bilen baglanyşykly çylşyrymly temalar derňelýär.

Llosa bu baýragyň ýeke özüne däl, eýse öz diline we regionyna berlen sylagdygyny aýdýar: “Bu baýragy almak şatlykly zat. Bu barada eşiden badyma akylyma gelen – sylaglanýan ýeke men däl, olar meniň ýazýan dilimi we önüp-ösen regionymy hem sylaglaýarlar diýen pikir boldy”.

Ýazyjynyň eserlerinde ilki bilen ünsi özüne çekýän tema – baş götermek, sütemkär güýçlere garşy göreş. 74 ýaşly Mario Wargas Llosa 1960-njy ýyllarda sahna kürsäp giren döwrebap stilli, syýasy temaly Latyn Amerikan bumy diýip atlandyrylýan edebi hereketiň görnükli wekilleriniň biri.

Llosanyň eserleriniň meşhurlyk gazanyp, dürli dillere terjime edilmegine getiren “Ýaşyl öý”, “Baş ybadathanadaky gürrüň” atly romanlarynyň neşir edilmegi boldy. Ol ispan dilli dünýäniň meşhur Serwantes baýragy bilen baryp 1995-njy ýylda sylaglandy.

Ozal Kuba rewolýusiýasynyň tarapyny çalan Wargas Llosa dura-bara öz solçy ynançlaryny taşlap, şahsy erkinlikleriň tutanýerli tarapdaryna öwrüldi. Llosa 1990-njy ýylda “Frente Demokratiko” diýip atlandyrylan orta-sagçy koalisiýanyň kandidaty bolup, Peruda prezidentlik saýlawlaryna goşulyp, Alberto Fujimoriden ýeňildi. 1993-nji ýylda hem Peruny terk etdi.

Adaty ýagdaý däl

Orta-sagçy syýasy garaýyşly bir ýazyjynyň Nobel baýragy bilen sylaglanmagy köplere adatdan daşary zat bolup görünse gerek. Sebäbi käbir adamlar bu baýrak köplenç solçulara berilýär diýip, pikir edýärler. Muny Şwed Akademiýasynyň baş sekretary Englund-da agzady.

“Ol dünýäni gowulandyryp boljakdygyna ynanýar. Ol çeper edebiýata, dünýäni gowulandyrmakda çeper edebiýatyň güýjüne ynanýar. Eger-de bu ideal ugur bolmasa, onda men nämäniň idealdygyny bilemok” diýip, Englund aýtdy.

Mario Wargas Llosa Nobel baýragy bilen sylaglanmagynyň özüni hem geň gadyranlygyny, muňa asla garaşmanlygyny aýdýar: “Maňa Stokgolmdadan bir jentlmen jaň edip, özüniň Şwed Akademiýasynyň baş sekretarydygyny, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň maňa berlendigini bildirmek isleýändigini, munuň ýene 40 minutdan ile ýetiriljekdigini aýtdy” diýip, Llosa aýdýar.

Wargas Llosa Peruny terk edeninden soň, ispan graždanlygy aldy. Ol häzir Birleşen Ştatlaryň Prinston uniwersitetinde mugallymçylyk etse-de, Madridde ýaşaýar. 1936-njy ýylda Peruda doglan Llosa ejesi bilen mamasynyň ýanynda Boliwiýada ulaldy. Žurnalist bolup, ”Frans Press” habar agentligine işe girmezden öň ol dilçi mugallym bolup işledi.
XS
SM
MD
LG