Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz parlamentine saýlawlar geçirilýär


Gyrgyzystanda geçirilýän şu günki parlament saýlawlaryna tutuş Merkezi Aziýa regionynda ilkinji parlament demokratiýasyny döretmek ugrundaky bir möhüm çäre hökmünde garalýar.



Bu parlament saýlawlary Gyrgyzystanda şu ýylyň iýun aýynda bolan we 400-den gowrak adamyň ölümine getiren etniki çaknyşyklardan soňky emele gelen syýasy hem-de sosial problemalaryň çözülmegine-de ýardam eder diýlip garaşylýar.

Saýlawlarda parlamentdäki 120 orna eýe bolmak ugrunda 29 sany syýasy partiýa özara bäsleşýär. Iýun aýynyň ahyrynda täze konstitusiýany kabul etmek boýunça geçirilen referendumda gyrgyz parlamentiniň ygtyýarlyklary has artdyrylypdy.

Täze kabul edilen konstitusiýanyň esasynda-da, häzirki wagt Gyrgyzystan Merkezi Aziýada parlament demokratiýasyna esaslanýan ýeke-täk ýurt hasaplanylýar.

Parlament demokratiýasynyň alamatlary

Saýlaw býulleteni 72 santimetrlik bir kagyza öwrüldi
29 sany syýasy partiýadan dalaş edýän kandidatlaryň uly toparynyň adyny öz içne alýan saýlaw býulleteni uzynlygy 72 santimetrlik bir kagyza öwrüldi. Emma, kandidatlaryň sanynyň juda köpdügine garamazdan, şu gün köp saýlawçylar bu saýlawlaryň azat we demokratik esasda geçjekdigine ynanýandyklaryny mälim etdiler.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti ýüze çykaýmagy mümkin çaknyşyklaryň we bulagaýçylyklaryň öňüni almak üçin berk howpsuzlyk çärelerini ýola goýdy. Gyrgyzystandaky bu parlament saýlawlaryna gözegçilik etmekleri üçin daşary ýurtly synçylardan hem 800-e golaýy çagyryldy. Şolardan 240-sy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna degişli synçylar.

Iýun aýynda ýerli özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda ýüze çykan konfliktlerden soň, özbek raýatlary bu saýlawlary goldamazlar we oňa kän gatnaşmazlar diýlip çak edilipdi. Ýöne şu gün Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň Oşdaky habarçysy Gulasal Kamalowa etniki özbekleriiň esasy jemlenen ýeri bolan Oş şäherinde özbek raýatlarynyň örän aktiwlik bilen ses bermäge gatnaşýandyklaryny habar berdi.
XS
SM
MD
LG