Sepleriň elýeterliligi

Päkistan NATO-nyň ulaglary üçin öz serhetlerini açdy


Şu gün Päkistanyň gümrük gullugynyň resmileri NATO güýçleri tarapyndan ulanylýan transport ýolunyň gaýtadan açylandygyny mälim etdiler.

Bu transport ýoly 30-njy sentýabrdan bäri NATO güýçleriniň Owganystana daşaýan ýükleri üçin ýapyk bolupdy.

Päkistanyň häkimiýetleri bu transport ýoluny baglamak çäresini Owganystandaky amerikan güýçleriniň howa hüjümlerinde iki sany päkistanly harbynyň öldürilmegine protest görnüşinde girizipdi.

Transport gatnawlarynyň togtadylan günlerinde Päkistan-Owgan serhet geçelgesiniň golaýynda NATO-nyň ýangyç gatnadýan ýük maşynlaryna birnäçe gezek hüjüm edildi. Şu gün Pakistandaky Talyban topary iki gün mundan öň şol ýük maşynlara edilen nobatdaky bir hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy.

Şu geçen bir hepdäniň dowamynda şular ýaly hüjümlerde NATO-nyň ýakylyp weýran edilen ýük ulaglarynyň sanynyň 100-e ýetendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG