Sepleriň elýeterliligi

Eýranly atomçy alymy ekstremistler zamun aldy


Şu gün Eýrandaky «Jundallah» atly sünni ekstremistik topary Eýranyň ýadro merkezinde işleýän bir alymy özüniň zamun alandygy barada maglumat ýaýratdy.

Bu toparyň öz internet saýtynda ýaýradan maglumatynda ol zamun alnan alymyň Eýranyň Ysfyhan şäherindäki ýadro merkeziniň işgäri Amir Husseýin Şiranidigi aýdylýar.

«Juldallah» topary zamun alnan Amir Husseýin Şiraniniň Eýranyň ýadro işleri barada köp gizlin maglumatlary bilýändigini we ol maglumatlary jemgyýete aýan etmeginiň mümkindigi bilen haýbat atýar.

Bu topar Amir Husseýin Şiraniniň azat edilmeginiň we onuň maglumatlarynyň gizlin saklanmagynyň öwezine Eýranyň türmelerindäki käbir sünni we buluç aktiwistleriniň tussaglykdan azat edilmegini talap edýär.
XS
SM
MD
LG