Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

R.Bleýk: «Koalision hökümet döredilmeli bolar»


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi R.Bleýk gyrgyz prezidenti R.Otunbaýewa bilen duşuşykda. Aprel, 2010.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi R.Bleýk gyrgyz prezidenti R.Otunbaýewa bilen duşuşykda. Aprel, 2010.

Gyrgyzystanyň parlament saýlawlaryndan oňyn netijelere garaşýan döwletlerden birem Amerikanyň Birleşen Ştatlary. Waşington saýlawlaryň guramaçylykly geçmegi üçin gyrgyz hökümeti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alyp bardy.


Azatlyk Radiosy şu parlament saýlawlary barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Gyrgyzystanyň wagtlaýyn prezidenti Roza Otunbaýewa parlament saýlawlarynyň netijesinde kanuny hökümet dörediler we ol-da ýurduň häzirki gaýragoýulmasyz meselelerini effektiw çözmek bilen meşgullanar diýip umyt edýär. Birleşen Ştatlaryň bu saýlawlardan nähili umytlary bar?

Robert Bleýk: Men siziň bu aýdanlaryňyzdan-da has aňyrrak geçermikäm diýip pikir edýärin. Meniň pikirimçe, bu saýlawlaryň möhüm tarapy, ozaly bilen, onuň tutuş Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän azat-erkin parlament saýlawlardygydyr.

Şu nukdaýnazardan, biz bu ýurtda demokratik usullar arkaly, parahatçylykly ýol bilen häkimiýetiň çalyşmagy tutuş region üçin örän täsirli we potensial model bolup hyzmat eder diýip pikir edýäris.

Biz häzirki saýlawlara ýardam bermek we dürli syýasy partiýalary saýlawlara taýýarlamak üçin köp işleri etdik. Häzirki güne çenli geçirilen saýlaw kampaniýalaryndan biz örän hoşal. Ol kampaniýalar örän aktiw we, aglaba, ümsüm geçdi.

Azatlyk Radiosy: Birleşen Ştatlaryň nähili görnüşlerde bu saýlawlara ýardam berendigi barada aýdyp bilmermisiňiz?

Robert Bleýk: Baş üstüne. Ozaly bilen, Birleşen Ştatlarda edilişi ýaly, Gyrgyzystanda-da saýlawlardan öň birnäçe dalaşgärleriň arasynda debatlar geçirildi. Telewideniýede görkezilen şol 90 minutlyk debatlardan, meniň bilşime görä, dokuzysyny guramaklyga biz kömek berdik.

Mundan daşary, biz ýaşlary saýlaw kampaniýalaryna çekmek üçin alnyp barlan maglumat ýaýradyş işlerini-de maliýeleşdirdik. Sebäbi, ýaşlar Gyrgyzystanyň ses berijileriniň örän möhüm bölegi bolup durýar.

Mundan hem daşary, saýlawlarda bolaýmagy mümkin şikaýatlara garamak meselesi boýunça sudýalar we prokurarlar üçin ýörite treningleri hem geçirdik. Şeýle-de, saýlawlaryň düzgün-tertipli geçmegini üpjün etmek maksady bilen, biz Gyrgyzystanyň dürli ýerlerinde polisiýa işgärleri üçin-de türgenleşik kurslaryny gurnadyk.

Azatlyk Radiosy: Iýun aýynda bolup geçen etniki çaknyşyklardan soň ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň bu wakalar boýunça ýola goýan çärelerinden Birleşen Ştatlar kanagatlanýarmy?

Robert Bleýk: Amerikanyň Birleşen Ştatlary we biziň partýorlarymyz bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasam, Ýewropa Bileleşigem we başgalaram bu işler boýunça adalatly hem-de ýerlikli derňewleriň geçirilmeginiň möhümdigini nygtap gelýärler.

Biz diňe bir ýurduň özi tarapyndan geçirilýän derňewleri goldamak bilen çäklenmän, eýsem halkara wekilleriniň gatnaşmagyndaky derňewleriň-de ýola goýulmagyny goldap çykyş edýäris. Biz prezident Otunbaýewanyň halkara derňewleriniň ýola goýulmagyny goldap eden çykyşyndan örän hoşal. Şolar ýaly derňewleriň ýakyn wagtlarda ýola goýulmagy üçin häzirki wagt bu meseläniň detallarynyň üstünde işlenilýär.

Azatlyk Radiosy: Eger Gyrgyzystandaky bu parlament saýlawlarynda Bakyýewe tarapdar partiýalar üstün çykyp, siziň garaşýan netijeleriňiz çykmasa, şonda ýagdaý nähili bolup biler?

Robert Bleýk: Meniň bilşime görä, edil häzirki pursata çenli berlen sesler kimiň ýeňiş gazanjakdygyny asla aýdyň görkezmeýär. Deslapky alamatlar esasan 5-7 töweregi partiýanyň her biriniň 11-15 prosent töweregi ses almagynyň mümkindigini görkezýär. Şu alamatlardan görnüşine görä bolsa, saýlawlardan soň koalision hökümetiň döredilmeli boljakdygy aýdyň bolýar.

Elbetde, munuň özi Gyrgyzystan üçin täze bir zat. Ýagny, koalision hökümetiň düzülmegi we ol hökümetiň nähili ýörelgä eýerjekdigi ýaly zatlar barada edil häzir bir zat çaklamak kyn. Sebäbi edil häzir ol koalision hökümetiň nähili agzalardan ybarat boljakdygy belli däl.

Ýöne biz üçin iň esasy möhüm zat - prosesiň özi. Ýagny, demokratik prinsipiň ýol alanlygy, halkyň erk-isleginiň beýan edilenligi biz üçin iň möhüm zat bolup durýar. Biz, ine, şol ýagdaýdan ugur alýarys.

Ýurtda her nähili koalision hökümet emele gelse-de, biz ol hökümet bilen höwes bilen hyztmadaşlyk ederis pikir edýärin. Biz prezident Otunbaýewa bilen hem örän gowy gatnaşyklarda bolmagymyzy dowam etdireris.
XS
SM
MD
LG