Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystanda sesleri sanamak dowam edýär


Gyrgyzystanyň parlament saýlawlarynda kandidatlara berlen sesleri sanamak işi dowam edýär.

Tutuş ýurt boýunça saýlawçylaryň 57%-niň ses bermäge gatnaşandygyny Saýlaw komissiýasynyň resmileri habar berýär.

Şol bir wagtda-da ýurduň günortasyndaky Oş şäherinde saýlawlara gatnaşyk 66%-e barabar bolupdyr. Bu ýerde şu ýylyň iýun aýynda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda bolan etnigara çaknyşyklarda 400 töweregi adam heläk bolupdy.

Sesleriň çak bilen 20-i sanalandan soň, saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, milletçi “Ata ýurt” partiýasy öňde barýar. Bu partiýa ýurduň günortasyndaky gyrgyzlar tarapyndan güýçli goldanýar.

Ikinji orunda sosial-demokratik partiýa, ondan soň “Respublika”, “Ar – namys” we “Ata meken” partiýalary barýar.

Saýlawlara jemi 29 partiýa gatnaşdy.

Ýakynda geçirilen referendumyň netijesi boýunça Gyrgyzystan parlament respublikasyna öwrülipdi.
XS
SM
MD
LG